Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Ussat gallaçylar sylaglandy”

“Pähim payhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda her bir günümiz toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler we üstünlikler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurduň oba hojalyk ulgamyny doly özgertmek daýhanlaryň zähmetini has hem netijeli we düşewüntli bolmagyny gazanmak, ýerden ýokary hasyl öndürip gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren ak patasy we hormatly Ýaşulylaryň “Bismillasy” bilen galla oragyna badalga berildi. Ýerden ýokary hasyl almak, ony ýitgisiz zaýalaman Watan harmanyna tabşyrmak bu örän uly ussatlykdyr. Ine şu ýadawsyz zähmetde maňlaý derini döküp işleýän mehanizatorlara gallaçy sürüjilere berekella diýýäris. Ine şu sebäpli hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti Türkmenabadyň Galla önümleri kärhanasynda şu ýyl galla oragy möwsüminde işjeňlik görkezen sürüjileri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň jogapkär işgärleri, Türkmenabadyň Galla önümler kärhanasynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşukda ökde sürüjiler hasyly tiz wagtda ýitgisiz ýygnap alynmagyň, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz tabşyrylmagy we özleriň ýadawsyz zähmeti barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de duşuşuguň dowamynda Türkmenabadyň Galla önümleri kärhanasynyň ussat ýük awtoulag sürüjileriniň birnäçesine partiýanyň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylyp, ýurduň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklaryň berekedini, ýaşaýşyň çesmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp täze zähmet üstünliklerini gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw edildi. Duşuşuguň soňunda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni Gülzara Bekmemedowa