Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Ýylyň mynasyp ady, döwrüniň ruhy bady” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Kerki etrabynyň medeniýet  merkezinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Ýylyň mynasyp ady, döwrüniň ruhy bady” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Kerki etrap komitetleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan bu dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Uly ruhubelentlik bilen geçirilen bu dabaraly maslahatda TAP-nyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi Ahmet Abdullaýew, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Hudaýberen Abraýew dagylar çykyş etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň ajaýyp zamanamyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerini wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary, folklor çykyşlarydyr joşgunly tanslary maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa