Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Ýylyň şygary – köňülleriň çyragy” ady bilen maslahat geçirildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyň giňden bellenilýän 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen joşgunly şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Agrar we Demokratik partiýasynyň Kerki etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda “Ýylyň şygary– köňülleriň çyragy” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabara etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, öňde baryjy oba hojalyk işgärleri bilen bir hatarda bilik we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

        Ýylyň gelşi äheňinden bellidir, günüň dogşy säherinden bellidir” diýlişi ýaly, her bir ýylymyz özüniň ady bilen, özüniň ajaýyp depginleri bilen gelip, üstünlikli menzilleri halkymyza peşgeş edýär. Munuň aýdyň beýany hökmünde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamynda alnyp barylan işler aňryýany bilen äşgär edýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň we BMG-nyň 80 ýyllyk toýunyň bilelikde toýlanan ýylynda halkara hyzmatdaşlygymyz, parahatsöýüjilikli gatnaşyklarymyz dünýäniň ýüzünde ýene bir ýola uludan dabaralandy.                                                       

      Dabarada il sylagly ýaşuly Jumageldi Hoşwagtow, TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Öwezow, TDP-niň Kerki etrap komitetiniň başlygy Jeýhun Aşyrow, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy mährem ene Nurjemal Çaryýewa, TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa dagylar çykyş etdiler. Olar maslahata gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ösüşlere besläp üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Täze ýylymyzyň “tumary” bolan, ýurdumyzyň ösüşleriniň depgin-badyna deňelýän bedewlerimiz, ýylky ýylynyň üstünlikli garşy alynmagy, ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.

      Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem beýik maksatlara ýetmekde ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülipdir. “Türkmeniň işigi atly bolsa, töri döwletli bolar” diýýän bagtyýar türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedewiň sarpasyny has belentde tutýar, beýik we taryhy ösüşleri bedew badyna deňeýär. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy aýratyn buýsanç bilen nygtalmaga mynasypdyr.Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr.

 

Sonagül Hudaýberenowa

TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni;