Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlas bilen mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda enelerimiziň, zenanlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary we dürli ulgamlarda yhlasly zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapynda örän giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň gurşawynda ýaşaýan bagtyýar zenanlarymyzyň bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.
Şu günler güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde 8-nji Mart Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle baýramçylyk dabaralarynyň biri Kerki etrap medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda etrap medeniýet merkezinde “Zenan – durmuşyň güli” ady bilen geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna etrapda dürli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän zenanlar, gelin-gyzlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjy zenanlarymyza ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa