Şu günler Garaşsyz, Baky Bitarap Diýarymyzyň ähli künjeklerinde 8-nji Mart Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Biziň etrabymyzda hem etrap häkimligi, zenanlar birleşmesi, medeniýet bölümi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan şeýle dabaraly çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi hem-de etrabyň çäginde yzygiderli geçirilip dur. Şeýle dabaraly baýramçylyk çäresiniň biri ýakynda Kerki etrabynyň iň gözel künjeginde ýerleşýän “Bagt ýoly” toý mekanynda “Zenan – dünýäniň ýaraşygy” ady bilen geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna kümüş saçly eneler, köp çagaly eneler, dürli ýyllarda zähmetde, önümçilikde tapawutlanyp zähmet çekip, gazanan ýeňişleri üçin hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp bolan öňdebaryjy zenanlar, ussat kärendeçi zenanlar hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamynda tapawutlanyp zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Etrap Medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň mährem enelerimizi, owadan gelin-gyzlarymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerini wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary hem-de “Zemin nagmalary” tans toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslary etrabymyzyň zähmetkeş zenanlarynyň badyna-bat goşup, olary täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ata Watanymyzda zenanlarymyzyň, enelerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmekleri we abadan durmuzda ýaşamaklary üçin döredýän ýeňillikli şertleri, ýurdumyzyň zenanlary hakynda edýän yzygiderli aladalary üçin dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlar aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa