Garassyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri bolsa, Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tamamlanan, 2020-nji ýylda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi tamamlanan ýylyň täze taryhymyzy hasda şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasy hökmünde taryha girdi.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi bolsa, has-da buýsançlydyr. Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty- ny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen bu Karar ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapyp, ähliniň göwnüni ganatlandyrdy. Gadam basylan Täze 2021-nji ýyl halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hemde beýik geljegi jemlenendir. Biz — bagtyýar ulus-ilimiz bolup, ata Watanymyzyň berkararlygyny, milli bitewüligimizi şöhratlandyrýan ajaýyp senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamalydyrys, şanly ýylymyzy ähli ugurlarda zähmet üstünligine beslenmelidiris. Täze ýylyň şygary bolsa, biziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterip, döredijilikli zähmete, beýik ishlere hyjuw berýär. Şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Halmämmedowa Mähri
Türkmenistanyñ Agrar partiyasynyñ Ak bugday etrap komitetiniñ esasy hünärmeni.