Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselelerine uly üns berýär. Ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň ähmiýetiniň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy yzygiderli wagyz edilýär we bu ugurda uly işler alnyp barylýar.
Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, gözelligini aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr. Daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler Diýarymyzyň has-da gözelleşmegine hem-de tebigy baýlyklarymyzyň artmagyna ýardam berýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryny görkezmek bolar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlardyr etraplarda ekilýän agaçlar diňe ýurdumyzy gür baglyga beslemek bilen çäklenmän, eýsem, adam we onuň saglygy hakyndaky aladalaryň çäksizdiginiň hem aýdyň subutnamasydyr. Şeýle giň möçberli işlere ýurdumyzyň her bir raýaty mynasyp goşandyny goşýar. Çünki daşky gurşawy goramak, ekologiýa howp salýan ýagdaýlaryň öňüni almak ählihalk işidir. Bu barada milli Liderimiz: “Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri türkmen halkynyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir” diýip, örän jaýdar belläýär.
Hawa, ösüşleriň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň tebigaty, oba-şäherleri gün-günden gözelleşýär. Goý, şeýle beýik işleriň gözbaşynda durýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Gülbahar Baýrammämmedow
TAP-yň Balkan welaýat komitetiniň
esasy hünärmeni