Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Uly ösüşlere beslenýän ajaýyp ýurdumyzda Akdepe etraby iri pagtaçylyk hojalyklaryň biri hökmünde tanalýar. Etrapda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýakynlaşyp gelýän gowaça ekişi möwsmini hemme taraplaýyn taýýarlyk bilen garşylamak ugrunda aladalanylýar.
Akdepe etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda sürüm traktorlaryň 86 sanysy, derman pürküjileriň 53 sanysy, gowaça ekilýän 42 sanysy, azallaryň 115 sanysy, pluglaryň 115 sanysy, çizelleriň 33 sanysy, kültewatorlaryň 71 sanysy bolup, olaryň hemmesi ekiş möwsümine birkemsiz taýýar edildi.
Etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ussalaryň birnäçesi bolup, Kuwwat Garaýew, Maksat Galpakow, Saparmyrat Pälwanýazow, Goçmyrat Kelbaýew ýaly öz işine ezber ussalaryň ençemesi zähmet çekýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa