Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Adam iýmitinde süýdüň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňden görüjilikli we parasatly syýasaty bilen oba hojalyk ulgamynyň esasy pudagy bolan maldarçylygy ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we welaýat merkezi şäherleriň golaýlarynda, ýurdumyzyň etraplarynda ýörite süýt, et ugurly mallary idedýän döwrebap maldarçylyk toplumlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ol maldarçylyk toplumlaryna mallaryň süýt, et ugurly tohumlary getirilip, mallaryň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Olaryň baş sanynyň artmagy bolsa mallardan alynýan önümi ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Mallardan alynýan süýdüň we süýt önümleriniň görnüşini we olaryň mukdaryny artdyrmak bolsa bazar bolçulygynyň girewidir. Sygyr süýdiniň we olaryň önümleriniň ykjam gaplara gaplanan, daşary ýurt önümleriň ornuny tutýan azyk önümleri bilen bazarlarymyz yzygiderli baýlaşdyrylýar. Mallardan alynýan süýt we süýt önümleri bolsa adam iýmitinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Süýt – ekologiýa taýdan arassa, adam bedeninde ýeňil özleşýän ýokary bahaly gymmatly azyk iýmitidir. Süýdüň iýmitlik gymmaty ýokary bolup öz düzüminde doly bahaly beloklary, ýeňil özleşýän ýaglary, uglewodlary, witaminleri, mineral duzlary saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Süýdüň düzümindäki ynsan üçin zerur bolan ýokumly maddalar idedilýän malyň görnüşine, tohumyna, iýmitlendirilişine, saklanylyşyna, malyň fiziologiki ýagdaýyna, ýaşyna, ýylyň möwsümine başga-da birnäçe şertlere baglydyr. Adamyň iýmitinde süýt we süýt önümleriniň bolmagy wajyp ähmiýete eýe bolup, ol önümleriň belogynyň bedende 98% çenlisi özleşýändigi ylymda öwrenilendir.

Süýt ýeňil özleşýändigi sebäpli, aşgazana agram bermeýär we iýmit siňdirişe gatnaşýan synalaryň sazlaşykly işlemegine hem gatnaşýar. Uly adam bir gije-gündüzde süýt we süýt önümleriniň 700 gramdan az bolmadyk mukdaryny kabul etmeli.  Süýdüň düzüminde gymmatly triptofan, lizin, fenilalanin, metionin, leýsin, treonin, walin, izoleýsin ýaly aminokislotalar saklanýar.  

Süýdüň düzüminde fosfor, kalsiý, kaliý, natriý, demir, kükürt hem bar. Bedeniň 1 gije-gündüzdäki kalsiýa bolan talabynyň 80% iýmitdäki süýt we süýt önümleriniň hasabyna üpjün edilýär. Bedende kalsiý ýetmezçiligi howply bolup, süňkleriň we dişleriň ösmegi bozulýar, süňk dokumalarynyň berkligi gowşap portlaşýar.

Süýtde mikroelementlerden sink, mis, ýod, ftor, marganes bolýar. Süýdüň düzüminde uglewodlardan süýt şekeri – laktoza bolup, onuň süýjüligi ösümlik şekeriniň süýjüliginden pes bolýar.

Süýdi gaýnadyp özboluşly ysly we tagamly goňrumtyl reňkli karamel alynýar. Süýt karameli bolsa süýji-köke önümçiliginde aýratyn ähmiýete eýedir.

 

 

 

Ýurdumyzda eýýam uly abraýdan peýdalanýan “Hasar” kärhanasynyň, “Täze aý” hususy kärhanasynyň ilatymyz tarapyndan uly isleg bildirilýän  karamel süýjileri her bir maşgalanyň saçaklaryny bezäp gelýär. Süýt şekeriniň süýtturşy önümleri gaýmak, prostakwaşa, tworog, kefir öndürmekde hem uly ähmiýeti bar. 

Süýdüň düzüminde esasan A we D witamini köp bolup, askorbin kislotasy, tiamin, riboflawin, nikotin kislotasy az mukdarda saklanýar. Ýöne ol gatnaşyklar üýtgäp durýar. Ýazda mallar gök hem şireli ot-iýmleri iýende süýdüň düzümindäki witaminler ýokarlanýar, gyş paslynda gury ot iýmlere geçende witaminleriň mukdary birneme peselýär. Süýt sagylyp alnandan soňra süýdüň saklanylyşy, gaýtadan işlenilişi we uzak ýollara äkidilişi hem süýdüň düzümine öz täsirlerini ýetirip bilýär. Olardan başga-da süýdüň düzüminde biologiki işjeň maddalar – fermentler, gormonlar, immunobiologiki birleşmeler, şeýle hem pigmentler (laktoflawin) bolýar.

Süýdüň gyzgynlyk usuly bilen işlenilmegi süýt we süýt önümleriniň işjeňligini hem düzümindäki birleşmeleriň konsentrasiýasyny birneme peseldýär. Ýöne süýt we süýt önümleri hökmany suratda termiki usul bilen işlenilmelidir.

Ýurdumyzda esasan sygyr, onsoň düýe, ondan soňra goýun, geçi süýtleri peýdalanylýar. Mallaryň süýdüniň düzümi deň bolmaýar. Eziz Diýarymyzda köp peýdalanylýany sygyr süýdüdir. Sygyr süýdüniň düzümi 87,5% suw, 12,5% gury madda bolup, olaryň 4,7% süýt şekeri, 3,8% ýag, 3,3% belok, 0,7% mineral maddalar, witaminler, fermentler bolýar. 100 gram süýdüň energiýa gymmatlylygy– 289 kj (69 kk) deňdir. 

Goýun süýdüniň düzüminde ýag, belok köp saklanýar. Goýun süýdüniň ýagy ýumşak, köplenç peýnir, syr taýýarlamak üçin peýdalanylýar. Ýurdumyzda goýun süýdünden taýýarlanan peýnir ilat arasynda uly isleg bildirilýän önümleriň biridir. Sahabatly hojalyk jemgyýetiniň Maldarçylyk toplumynyň geçidarçylyk bölüminde idedilýän süýt ugurly “Zaanen” geçileriň süýdi ykjam gaplara gaplanyp ak bazarlarymyza çykarylýar. Düýe süýdüniň düzüminde ýag, şeker we belogy köp bolup, ondan çal taýýarlanylýar. Düýe çalynyň bakteriýalary ýok ediji we ösüşini togtadyjy häsiýeti, önümiň iýmitlik gymmatyny has-da artdyrýar. Ykjam gaplara gaplanan, ekologiýa taýdan arassa düýe çaly diňe bir tomus paslynda dälde, ýylyň islendik möwsüminde toý saçaklarymyzyň bezegidir.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kiçi we orta telekeçilik boýunça hünärmenleri maldarçylygy ösdürmekde we olardan alynýan süýt we süýt önümleri bilen ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymlary:

Berdinazarowa Güljemal,

Satlykow Agarahmet.