Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ahalteke atçylygynda geçirilýan möwsümleýin çäreler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadag Prezidentimiziň parasatly öňdengörüjilikli syýasatlary netijesinde, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda depginli ösüşler gazanylýar. Her bir ulgamda gazanylýan ösüşlerdir üstünlikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Abadan, parahat Diýarymyzyň her bir gününiň toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň sarpasy belentden-belent dabaralanýar. Her ýylyň ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmek babatynda mynasyp işler toplumlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar.

        Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty bilen 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.

Keramatly türkmen topragy maldarçylygyň we ekerançylygyň gadymy mekany hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň “Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim” atly bölüminde milli gymmatlyklarymyz barada aşakdaky maglumatlar getirilýär.

Ýer ýüzünde ýaşaýan şu haýwanlaryň gelip çykyş taryhy diňe türkmen halky bilen baglanyşyklydyr hem-­de olar diňe şu mekanda, şu topragyň üstünde ösüp-­ örňäpdir, şu halkyň ady bilen äleme äşgärdir. Olar ahal­teke bedewi, ýomut
aty, türkmeniň arwana düýesi, türkmen tazysy, türkmen saryja goýny hem­-de türkmen alabaýy hasaplanýar
”.

        Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi biz – ýaş atşynaslar üçin nusgalyk mekdepdir. Türkmen halkymyzyň milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen, dünýä ýüzünde gözelligiň hem kämilligiň nusgasy hasaplanylýan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmekde edilýän işler barha giň gerime eýe bolýar.

 Ahalteke atlarynyň taryhyna ser salsaň, türkmen halky bilen bäş müň ýyl taryhy bolan atlarymyz bar, çünki Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlan “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepada bar, sapa-da” atly kitaplarynda örän gymmatly maglumatlar bar. 

  Atçylykda esasy meseleleriň biri olaryň hilini gowulandyrmak, baş sanyny artdyrmak bolup, olaryň esasy maksady bolsa ýeterlik mukdarda köp we hil taýdan gowy taýlary almak we ösdürip ýetişdirmek bolup durýar. Şonuň üçin her bir höwre goýberilýän ene baýtaldan ýylda sagdyn bir taý almaga çalyşmaly bolýar. Atlaryň köpeldilişi, esasan, üç basgançakdan höwre çekmäge we gulunlamaga ýaramly baýtallary höwre çekip, olary gulunlatmakdan we taýlary ösdürip ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Bu meseleler atlaryň we baýtallarynyň köpelişiniň biologiýasyny hünärmenleriň gowy bilmegini, höwre goýmagyň tilsimlerini we usullaryny, taýlary ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny berjaý etmekligi talap edýär. Hut şonuň bilen bagly, ýakyn wagtda baýtallarda gulunlama we höwür möwsümi başlaýar. Gulunlama möwsümine öňünden taýýarlyk görmek işleri, ilkinji nobatda, atçy hünärmenleriň paýyna düşýär.

Höwür möwsümine azyndan iki aý öňünden taýýarlyk işleri başlanylýar. Ene baýtallary we höwür atlary hojalygyň zootehnigiň we weterinaryň barlagyndan geçirmeklik zerurdyr. Şu ýyl höwürde ulanylmaga niýetlenen nesli boýunça barlanylan we birinji gezek höwre goýberilýän atlar öňünden anyklanylýar. Tohum atçylykda ene baýtallary höwür atlara jübütleşdirmegiň ylalaşylan meýilnamasy, atçy hünärmenler tarapyndan düzülip, ol  hojalygyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

Azyndan bir aý öňünden höwür atlaryň iýmitlendiriş paýyny köpeldip, olary goşmaça ýumurtga, käşir, balyk ýagy ýaly güýçlendirilen we witaminli ot-iýmler bilen iýmitlendirmeli. Höwür atlara her gün 30-40 minut münüp gezim bermeli. Gezdirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, günde 1 sagat atlar aýagyny ýazar ýaly gezim meýdança howla çykarmaly.

  Ilkinji nobatda, baýtallaryň gulunlama möwsümine öňünden taýýarlyk görülýär. Höwre goýmagy bellemek üçin, ýörite depder ýöredilýär, depderdäki ýazgynyň esasynda bolsa, baýtalyň soňky höwre goýlan gününe 335 gün goşulyp, onuň näwagt gulunlajakdygyna ýörite senenama düzülýär we şonuň esasynda taýyň haçan doguljakdygy anyklanylýar. Taýlar doglandan soň, birinji aýlarda ene süýdüniň hasabyna çalt ösýärler. Şonuň üçin baýtallaryň süýtlüligini artykmaç goşmaça berilýän ot-iýmiň hasabyna ýokary derejede saklamaly bolýar. Taýlar hemişe enesiniň ýanynda bolmalydyrlar. Taýlar 1-1,5 aýlygynda enelerine öýkünip otugyp başlaýarlar. Olara wagtyň geçmegi bilen goşmaça iýmit maddalaryny bermeklik hem peýdaly hasaplanylýar. Goşmaça ot-iým hökmünde süle we arpa ýarmasyny, witamin goşundylaryny, mineral maddalary we balyk ýagyny bermeklik taýlar üçin has ýokumly iýmit maddalary hasaplanylýar.

   Taýlaryň ýokumly maddaly iýmitler bilen iýmitlendirilmegi, olaryň sagdyn we kadaly ösüp boý almagy üçin ýeterlikli seýislenilmegi, asyl bedew at görnükli ahalteke atlarynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Sagdyn bedenli, ýelden ýüwrük ýyndam bedewleriň kemala gelmegi ahalteke atlarynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan arassa ganly tohumlarynyň häzirki wagtda ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilmeginde, olaryň yzygiderli geçirilýän çapuw ýaryşlarynda öňdebaryjy orunlaryny eýeläp, ýokary netijeleri gazanmakda özüniň oňyn netijelerini berýär.

 

                                                               Röwşengeldi Abaýew

                                                                 S.A.Nyýazow adyndaky

                                               Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy