Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylymyz şatlyk şowhun, toý-baýramlar, uly-uly üstünlikler bilen başlanyldy. Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halkynyň göz guwanjy bolan, ynsan kimin syzgyr behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny döwrebap ösdürmek, atlaryň biologiki aýratynlyklaryny öwrenmek üçin giň mümkinçilikler yzygiderli döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda ahalteke atlarymyz barasynda gyzykly maglumatlar getirilýär. Hormatly Prezidentimiziň halk köpçüligine gowuşýan ajaýyp kitaplary ýaş nesillerimize döwrebap, kämil, milli däp-dessurlarymyz bilen utgaşdyryp bilim bermekde örän gymmatly kitaplardyr. Bilimiň çeşmesi bolan bu kitaplary geljekde Eziz Watanymyzyň ösüp ýeten belent derejelerini gorajak hem-de mundan beýläk ösmegine özleriniň şahsy goşantlaryny goşjak ýaş nesillerimize watansöýüjilik, tebigatsöýüjilik, zähmetsöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýar.
Milli Liderimiziň “Gadamy batly Bedew” atly kitabynda türkmen halkynyň göz guwanjy bolan türkmen bedewiniň owadanlygy, ynsan kimin syzgyrlygy, wepalylygy, ahalteke atlarynyň reňkleriniň türkmen tebigaty bilen tebigy sazlaşyklylygy ussatlarça çeper beýan edilýär.
Eziz Diýarymyzda indi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde atlaryň marafon, halkara gözellik bäsleşikleri, halkara derejesinde sergini, ylmy-amaly maslahatyny, baýramçylyk çapuwyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Her bir bäsleşikde üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan şa serpaýlaryň gowşurylmagy Eziz Watanymyzda atşynaslyk we seýisçilik sungatyny döwrebap ösdürmek, ahalteke atlaryny döredijilik eserlerinde wasp etmek baradaky döredilýän mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýarlyk döwrümizde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny köpeltmekde, olary ösdürip ýetişdirmekde, seýislemekde, çapuwa we sport ýaryşlaryna taýýarlamakda ahalteke atlarynyň reňkine aýratyn üns bermeklik ata-babalarymyzdan nesilden nesile geçip gelýän milli tejribedir.
Atyň reňklerionuň göwresini örtýän, ýal we guýruk tüýleriniň reňkleri boýunça kesgitlenilýär. Behişdi bedewlerimizde ýönekeý we çylşyrymly reňkleri tapawutlandyrmak bolýar. Ýönekeý reňkli atlara al, gara, akýalmele, ýagny bir reňkli atlar degişli bolup, çylşyrymly reňkli atlara bolsa dor, gär, mele, gyr reňkler, ýagny iki we ondan köp reňkleriň sazlaşykly gatnaşyklary bilen emele gelýän reňklere aýdylýar. Mele, akýalmele, dor, gara reňkleriň özboluşly altynsow, kümüşsow öwüşgünligi ahalteke tohum atlaryna mahsus bolan aýratynlyklardyr.
Bedewlerimiziň göwresini örtýän tüýleri goňur, ýaly we guýruk tüýleri hem-de aýaklarynyň dyzyndan we aşyklygyndan aşagy gara (garamtyl) reňkli bolsa dor diýilýär. Dor reňk öz gezeginde öwüşginligi boýunça açyk dor, hurmaýy dor, altynsow dor, garador reňkleri bolup biler.
Ahal teke atlarynyň göwresini örtýän tüýleri altynsow öwüşginli mele ýa-da sary çäge reňkli, ýaly, guýrugy we aýaklary dyzyndan hem-de aşyklygyndan aşagy gara bolsa mele diýip atlandyrylýar. Mele reňk öz gezeginde öwüşginligi boýunça altynsow mele we gurtmele görnüşlere bölünýär. Atyň tutuş bedeni bir meňzeş şar gara reňkde bolan atlara gara reňkli at diýlip atlandyrylýar. Gyr reňk bolsa çal, gara ýa-da beýleki reňkli bedeni örtýän tüýleriň gatyşygyndan emele gelýär. Gyr taýlar enesinden doglanynda gara, dor, al, mele we gyr reňkli bolup biler. Ýaşy ulaldygyça, gyr atlaryň reňki çalarýar, endamynda nokat-nokat ýa-da çylgym-çylgym goňur menekleriň emele gelmegi mümkin. Gyr reňk öz gezginde öwüşginligi boýunça açyk gyr, garagyr, gyzylgyr, demirgyr, melegyr, alma menekli gyr bolýar.
Gahryman Arkadagymyz özüniň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga baran iş saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigi baradaky hoş habary eşidip, bu topluma baryp atşynas bilen duşuşyp bu ugurda zähmet çekýän seýisleriň, hünärmenleriň ýaşaýyş durmuş şertleri bilen tanyşdy. Atşynas ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin döredilýän yzygiderli mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hoşallygyny bildirdi we şu ýyl täze dünýä inen taýçanaga at dakyp bermegi haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz atçylyk babatynda ata-babalarymyzdan nesilden-nesile geçip gelýän asylly däpler barasynda gyzykly gürrüň bermek bilen bu gurtmele reňkli taýçanaga “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylymyz bilen baglanyşdyryp zaman diýip at goýmagy bütin türkmen halkymyzy buýsandyrdy.
Milli gymmatlygymyz bolan gamyşgulak, ýelden ýyndam, wepaly, owadan ahalteke atlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri yzygiderli döredýän Gahryman Arkadagymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Polat Abdullaýew
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
mugallymy