Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň esasy üns merkezleriniň biri hem türkmen atçylygyny ösdürmek, halkara derejesine çykarmak, gadymy tohum atlarymyzyň arassa ganly ýyndam nesillerini köpeltmek bolup, bu barada onlarça il-ýurt bähbitli permanlary we kararlary kabul etdi. Olardan biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde Atçylyk hünäriniň açylmagy, Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen, dünýä ýüzünde gözelligiň hem kämilligiň nusgasy hasaplanýan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmekde edilýän işler barha giň gerime eýe bolýar.
Atlary gany arassa köpeltmek diýmek, atlaryň we baýtallaryň ene-ata tarapy düýp başdan ahalteke atlaryna saýylýan, tohumçylyk kitaplaryna ýazylan we olaryň diňe ahalteke tohumy içinde öz-özüne köpeldilmegine aýdylýar. Haýsydyr bir derejede gany gatyşan ýa-da seçgilenilende ahalteke atlarynyň tohum arassalygyna haýsydyr bir ýetmezçiligi zerarly häzirki döwürde edilýän talaby kanagatlandyr- maýan atlar, ahalteke arassa ganly tohum aty diýip hasap edilmeýär we ahalteke atlary bilen geçirilýän tohumçylyk işlerinden aýrylýar. Türkmenler ahalteke atlarynyň tohumçylyk işinde esasy ünsi höwür atyna beripdirler. Beýle diýildigi baýtala düýpden üns berilmändir diýip düşünilmändir, ýöne höwür ata garanyňda baýtala az üns berlipdir. Bu babatda türkmenler «ata sap, ene gap» diýip, höwür atyň ornuny ýokarlandyryp, halkyň arasynda atalar sözüne öwrülipdir. Mundan başga-da, ata-babalarymyz atlarynyň tohumyny arassa saklamak we güýçlendirmek üçin öz aralarynda aram-aram alyş-çalyş edipdirler. Şeýlelikde tohum atlaryň ganyny täzeläp, sagdyn hem ýyndam bolmagyny gazanypdyrlar. Türkmen topragynda zähmet çeken meşhur zootehnik K.I.Gorelow 1925–1927-nji ýyllarda ýerlere gidip barlamak we hasaba almak bilen, ahalteke atlarynyň 4-arka şejeresini we olardan gaýdýan nesilleriniň sanaw hataryny düzýär. Şeýlelikde olaryň arasynda bäş ugry tapawutlandyrýar. Ol ugurlar: Boýnow, Soltanguly, Nedirbaý, Çaparkel we Geçili. Şondan soňra ilkinji ugurlar açylýar. K.I.Gorelow bu eden işleri barada 1928-nji ýylda çap edilen «Türkmenistanyň ahalteke aty» diýen kitabynda ýazýar. Soňra, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde 1963–1973-nji ýyllarda zähmet çeken, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor M.I.Belonogow Türkmenistanyň ahalteke tohum atçylygyny ylmy nukdaýnazardan öwrenmekde, seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak bilen, täze ugurlaryň üstünde işläp başlaýar. Ol 1934-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda işlemek bilen Türkmenistanda, Gazagystanda, Uralda, Demirgazyk Kawkazda bar bolan ahalteke tohum atlaryny öwrenýär we hasaba alýar. 1941-nji ýyldaky Ahalteke atlarynyň Döwlet tohumçylyk kitabynda Boýnowy ugurbaşy etmek bilen, goşmaça bäş ugry açyp, ýokardaky ugurlaryň sanyny dokuza ýetirýär. Şeýle-de M.I.Belonogow 1955-nji ýylda ýazan «Ahalteke tohum atlary bilen tohumçylyk işlerini geçirmegiň esasy düzgünleri» kitabynda birnäçe ugurlar barada häsiýetnama ýazýar. 1967–1973-nji ýyllarda professor M.I.Belonogowyň aspiranty bolan, Türkmenistanyň Halk atşynasy Bazarbaý Meredow, ahalteke tohum atçylygynda atlaryň ugurlary bilen işlemegiň ýollaryny ondan öwrenýär. Häzirki wagtda bolsa, biziň ýurdumyzda ahalteke atlarynyň 17 ugry ýöredilýär. Olar: Akbilek, Aksakal, Arap, Dorbaýram, Ýel, Meleguş, Posman, Saparhan, Sluçaý, Eýeberdi Teleke, Garlawaç, Gyrsakar, Skak, Gelşikli, Gaplaň, Pereň, Fakir pälwan. Ugur diýlip, ahalteke atyna mahsus bolan talaby ýokary derejede kanagatlandyrýan, seçgileme alamatlary boýunça aýratyn tapawutlanýan, ady belli, il arasynda adygan atyň peýdaly gowy häsiýetleri boýunça meňzeş nesil tohum atlaryna aýdylýar.
Maksat GARÝAGDYÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy