Taryhdan belli boluşy ýaly agyr şöweşlerde atlara edil adam ýaly duýgulary başdan geçirip, öz eýesine wepalylygynyň aňry baş nusgasyny görkezipdirler. At türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyrlar. Öňler gapysynda aty bar bolan türkmen özüni iň bagtly adam saýypdyrlar. Özleri iýmän atyna iýdiripdirler, özleri geýmän atyny bezäpdirler . Türkmenler atyny janyndan eziz görpdirler. Ahalteke atlaryna owadanlykda, ýyndamlykdsa, şeňňirlikde taý geljek bolmandyr. Hakykatdan-da türkmeniň geçmişini, şu gününi, geljegini bedew atsyz göz öňüne getirmek kyn. Şeýle bolan soň behişti bedewler dogrusunda edilýän ganatly sözler biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Biziň günlerimizde, Berkarar döwletiň täze eýýäminiň galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan gamyşgulak bedewlerimize aýratyn sarpa goýulýar.
Ahalteke bedewlerinde gaýtalanmaýan gözellik bolup, yssy howa şertlerine garamazdan örän kuwwatly, çydamly, uzak aralyklara öz bedenleriniň ýadawlygyny çalt kadalaşdyrmaga ukyply bolupdyrlar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan behişdi bedewlerimiziň şeýle aýratynlyklary hem dünýä möçberdäki at-abraýyny has belende göterýär. Bu günki gün gamyşgulak bedewlerimize bolan garaýyş, söýgi mertebe has artyp olar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýyndamlykda, owadanlykda, çydamlylykda deňi taýy bolmadyk gamyşgulak bedewlerimize aýratyn ähmiýet berilip, her bir welaýatlarda dünýä öleňlerine gabat gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulup ulanylmaga berilmegi hem şol aýdylanlardan nyşandyr.
Berkara döwletiň täze eýýäminiň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalry netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdurmek hemde milli atçynaslaryň baş däplerini dowam etdirmek we atçylyk sportyny höweslendirmek we döwrebap tehnalogiýalar bilen baýlaşdyrmak işleri ýurdumyzda döwlet syýasatynyň derejelerine çykaryldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan şohratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň milli guwanjyna öwürilen bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň taýsyz baýlygydyr. 2010 nji ýylda paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasynyň döredilmegi we onuň ştab kwartirasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alynyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkiçililer döreýär .
Guramanyň esasy maksady atlarymyzyň tohumlarynyň arassalygny gorap saklamakdan, olaryň ajaýyp häsiýetlerini kämilleşdirmekden, bedewlerimiziň baş sanlaryny köpeltmekden şeýlede dünýä atçylygyna nusgalyk bolup durýan behişdi bedewleriň meşgurlugyny gazanmakdan ybaratdyr .
Elbetde, 2026-njy ýylyň “ Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy, hakymyzyň behişdi bedewlerine bolan buýsanjyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdi. Asyrlardan asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň, şanly seneleriň we toýlaryň baş bezegine öwrüldi uly şatlyk şowhun bilen geçirilýän at çapyşyklary Eziz Diýarymyzda ajaýyp däp dessurlaryň üstünlükli dowam etdirilýändiginiň şeýle hem halkymyzyň öz milli gymmatlyklarynyň hem-de taglymatlarynyň töwereginde mäkkäm jebisleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hut şonuň üçin hem ulus ilimiz ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyşlar aýtýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýäminiň galkynyşy döwründe halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädaki şan şöhrady hasda belende göterildi. Ençeme müň ýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürülip ýetişdirilýän umumy adamzat gymmatlyklaryna öwrülen ahalteke bedewlerimiz türkmen toýlarymyzyň bezegi bolup halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Diýarymyzda ahalteke bedewleriniň meşhurlugyny artdyrmak bilen baglanşykly möhüm messelelere aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan aýratyn ähmiýete eýe bolan ahalteke bedewlerimiziň şan şöhrady hasda belent derejelere göterilýär Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhradymyz” ,” Gadamy batly bedew” ýaly ajaýyp kitaplaryny peşgeş bermegini , Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew Adyndaky Halkara atçylyk akademýasynyň, Atçylyk ylymy- önümçilik merkeziniň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, ýurdumyzda atçylyk sport toplumlary döredilmegi bedew baýramçylygynyň giň gerimlerde bellenilmegi, bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşandyr.
“Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň” YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa bu hakykatyň halkara ykrarnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de howandarlyk etmeginde milli atçylyk däplerini dikeltmek , atçylyk sportyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewlerimiziň nesil ugurlaryny gowulandyrmak maksady bilen tohumçylyk – seçgi işlerini kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Umumy adamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşýan halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamakda, baýlaşdyrmakda, ony dünýäde giňden wagyz etmekde tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy bildirýäris.
Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri
Nasiba Durdybaýewa