Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.
Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklaryny sowgat berdi. Olardan türkmen atyny, alabaýyny, halysyny, dutaryny, zergärleriň ýasan şaý-seplerini we ençeme zatlaryny mysal getirmek bolar. Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat – milli medeniýetdir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk hem milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, milli mirasyň müdimiligini üpjün edýär.
Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhraty dikeldilip başlandy we olaryň köpeldilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýäde özüniň ýyndamlygy, owadanlygy bilen meşhur bolan Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatynda tohumçylyk-seçgi işleriniň täze tapgyrlaryna badalga berildi. Şol maksat bilen, 1991-nji ýylda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi döredildi. Birleşik ahalteke bedewlerini seýislemek we köpeltmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän raýatlary, hünärmenleri birleşdirdi. Bir söz bilen aýdanymyzda, birleşik tarapyndan ahalteke bedewlerimizi dünýä ýaýmak we olary köpeltmek bilen bagly işleriň täze tapgyry başlanyldy. Häzirki döwürde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmen atşynaslygy milli muzeýinde öz beýanyny tapan gadymy baý däp-dessurlary hil taýdan täze dereje çykdy. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, bilelikde taslamalary alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi.
“Ahalteke aty türkmen halkynyň beýik syrydyr” diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz bu beýik, gaýtalanmajak derejede kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly gymmatly eserleri türkmeniň bedewine bagyşlanan eserleridir. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynda türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy bilen tanyşman, eýsem Gahryman Arkadagymyzyň bedew ata bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris.
Berdimuhamet mugallymyň süýtdeş agasy, kolhozyň atbakary, atşynaslyk bilen çagalykdan meşgullanan Aba Annaýewiň ussat atşynas, ökde seýis bolandygy baradaky arhiw maglumatlary saklanyp galypdyr. Aba Annaýewiň meşhur atşynas bolandygyny we onuň ahalteke bedewini gorap saklamak, kämilleşdirmek işine ägirt uly goşant goşandygyny bellemek bolar. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Aba Annaýewiň ady 1916-njy ýyldan bäri Zakaspi oblastynyň Aşgabat uýezdiniň atçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynyň düzüminde görkezilip gelinýär. Şol resminamalarda onuň gara reňkli, üçýaşar, maňlaýy sakar meşhur bedewiniň bolandygyny okamak bolýar”. Aba Annaýewiň bedew ata ideg etmek barada beren gymmatly maslahatlary biziň günlerimizde-de seýisçilik sungatynda ulanylýar. Olaryň käbirlerini Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” romanynda: “Aba: “Bedewe “haýwan”, “mal” diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir” diýerdi”, diýip belläp geçýär. “Döwlet guşy” romanynda Aba aganyň bedewleriň derdini anyklaýşy, ata ideg edilende mahal-mahal onuň gözlerine seredip, içki dünýäsine aralaşyp durmak barada beren maslahatyny şeýle ýatlaýar: “...sen atyň aram-aram ullakan garamyk gözlerine bir seret ahyryn. Gözlerinde ähli derdini aýdýar-a ol”...
Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa maşgalada edil çaga sereden ýaly seredilendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda çeper beýan edilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde-de atynyň aladasyny edip, ony obadaşy, eseriň gahrymany Berkeli aga berip gidişi, şol pursatda onuň aty Dagarman bilen hoşlaşygy şeýle beýan edilýär: “Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Daman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy”. Eserde: “Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy” diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini beýan edýär.
Bedew at bilen meşgullanýan adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer we zähmetsöýer, maksada okgunly bolýandygyny ata-babalarymyz özleriniň toplan köpýyllyk tejribelerinden bilipdirler. Şonuň üçin-de olar öz nesillerine çagalykdan bedew münmegiň, oňa ideg etmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwredipdirler. Ýurdumyzda köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyz hakynda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ýaly hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa olary ajaýyp, arassa ganly tohum atlarymyzy ýetişdirmekde ruhubelent we yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiklerini geçirmek, iň owadan bedewleri ýetişdiren atşynaslary sylaglamak ajaýyp däbe öwrüldi.
Aslynda adam durmuş örkini diňe mukaddeslikde görýär. Mukaddes işler hem ynsan ömrüni beýgeldýän zamanasydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriň ählisi-de mukaddeslikdir. Şeýle işleriň biri-de, biziň milli mirasymyz bolan ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa, ata-babalarymyz tarapyndan dowam edip gelýän milli mirasymyzyň ýaş nesillere geçirilmegidir. Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzasy Meýlis Hydyrow