Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere barýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak, halklaryň özara ynanyşmagyny pugtalandyrmak bilen bagly ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty hem uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleri biz bedew badyna deňeýäris! Ýurdumyzda Ahalteke bedewlerini- üstünliklerimiziň we beýik işlerimiziň nyşany hökmünde kabul etmegimiz, halkymyzyň bedew atlaryna bolan beýik söýgüsiniň aýdyň subutnamasydyr. Ahalteke bedewlerimiz ata-babalarymyzdan bize miras galan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr we özleriniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen diňe bir türkmen halkynyň dälde umumyadamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigini uly buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyz bu beýik, gaýtalanmajak derejede kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” we “Atda wepa-da bar sapa-da” atly gymmatly eserleri türkmen bedewine bagyşlanan gymmatly eserleridir. Bu gymmatly eserleri okanymyzda diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy bilen tanyşmak bilen Gahryman Arkadagymyzyň bedew ata bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris.
Arkadag şäherimiz ähli babat-da dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen, şäherde ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmek üçin ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Dünýä ülüňlerine laýyk gelýän tehnologiýalar we enajamlar bilen üpjün edilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy önümçilik merkezi we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki gurlup ulanmaga berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyza giň mümkinçilikler we şertler döredilip berilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ýaly hormatly atlar dakylýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramy uly ruhubelentlikde toýlanýar. Bu baýramçylyk ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Baýramçylyk mynasybetli ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi we beýleki döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Baýramçylyk at çapyşyklary gurnalýar. Bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan şa serpaýlar gowşurylýar. Bu bolsa olary ajaýyp, arassa ganly tohum atlarymyzy ýetişdirmekde we şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ruhubelent we yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň” ilkinji aýýlarynda dünýäniň birnäçe gezek çempiony, halkara baýraklarynyň eýesi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň Monako Knýazlygynda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
Serdar Begmyradow