Pagta ýygymyna guramaçylykly girişen Köneürgenç etrabynyň pagta kärendeçileri her bir güni ýokary iş netijelerine besleýärler. Etrabymyzyň ähli daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijesinde ýetişen hasyly zaýasyz ýygnamak işi gün-günden ýokary depginlerde dowam edýär. Bu işde Galkynyş daýhan birleşiginiň kärendeçileri pagta ýygymy boýunça etrapda öňde barýar. Bu daýhan birleşigiň 46-ny pagta kärendeçisi şu ýyly 630 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1260 tonna hasyl döwlete tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. Daýhan birleşikde 6 topar bolup, olaryň içinde Arazgeldi Jumabaýew ýolbaşçylyk edýän 2-nji kärendeçiler toparynyň agzalary has-da işjeňlik görkezýärler. Göreldeli kärendeçilerden Arazbaý Nuraddinow, Arazgeldi Jumabaýew, Akjagül Amannepesowa, Aýsona Hudaýnazarowa dagylary görkezmek bolar. Kärendeçilere obalarda döredilen ýygymçy toparlar ýakyndan ýardam berýärler. Ýüwrek elli ýygymçylar öz aralarynda bäsleşip, her güni 60-70 kg pagta ýygmagyň hötedesinden gelýärler. Taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda Berdibaý Maharow, Abat Pirjanow ýaly sürijiler gaýratly zähmet çekýärler. Daýhan birleşikde ähli işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde ak-altyn harmanlary barha beýgelýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni