Köneürgenç etrabynyň Akderýa daýhan birleşiginde 1250 gektar ýerde gowaça ösdürilip ýetişdirilýär. 2500 tonna ak altyn hasylyny ýetişdirmegi göz öňünde tutýan hojalygyň 106 sany kärendeçileri häzirki wagtda gowaçalara hatarara bejergi işlerini geçirmek, ösüş suwyny tutmak, boýy ýeten gowaçalaryň ujyny çyrpmak ýaly işleri berjaý edýärler. Hatarara bejergide, joýa, ok salmalary çekmekde daýhan birleşigiň tehnikalarynyň 6-sy, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalarynyň 2-sy kärendeçileriň iň ýakyn daýanjy bolýarlar. Bu tehnikalaryň kömegi bilen her bir agrotehniki çäreler ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilýär. Şonuň netijesinde gowaçalar bol hasyl toplaýarlar. Göreldeli mehanizatorlardan Kuwwat Şyhyýew,Şyhmyrat Sähedow, Myratjan Galpakow, Berdi Tekebaýew dagylary görkezmek bolar. Hojalygyň gowaça meýdanlary suw soryjy enjamlaryň kömegi bilen suwarylýar. Daýhan birleşikde 4-ny suw soryjy enjam hereket edýär. Her güni 40-50 gektar ýere ösüş suwy tutylýar. Gowaçadan ýokary hilli, ak-altynyň bol hasylyny kemala getirmek üçin onuň öserini wagtynda çyrpmak wajyp işleriň biri bolup durýar. Hut şunuň bilen baglylykda kärendeçiler gowaçalaryň ujyny çyrpmak işine uly üns berýärler. Bu iş köp el güýjini talap edýär. Kärendeçiler maşgala agzalary bilen bilelikde bu möhüm işi gysga wagtda geçirip gutarmaga çalyşýarlar. Ähli agtohniki işleriň öz wagtynda talabalaýyk gçirilmegi netijesinde gowaçalar bol hasyl toplaýar. Göreldeli kärendeçilerden Parahat Nizamow, Annamyrat Şiriýew, Ejegül Annamedowa, Zarifa Jumanazarowa aýtmak bolar. Her bir güni zähmet edermenligine besleýän hojalygyň beýleki kärendeçileri hem döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ak-altynyň bol hasylyny öndürmek ugrynda gaýratly zähmet çekýärler.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni