Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ak şäherim Aşgabat

Bagtyýarlyk ilimiziň söýgüsi, hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen Aşgabat şäheriniň waspy gün-günden şöhratlanyp dünýä dolýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagt şäherimiz gözelligiň, mähribanlygyň şäheri bolup älem-jahany haýrana goýýar. Milligiň ykbalyny nurlandyryp duran bu günki nurly jemalyň hemme ýerde, her ädimde ýakynly söhbetdeşligiň başlangyjyna öwrülýär.

Ata-babalarymyzyň yhlasy siňip, köki ýagşylyk çeşmesinden galdyrylan paýtagtymyz baradaky gürrüňi ak Aşgabadymyzyň arassa hem tämiz, bagy-bossanlyga bürenip oturan seýilgähleri, gyralary dürli güller, täsin baglar bilen berilen giň, oklaw ýaly göni ýollary hakda başlasak hakyt ýerine düşer diýip pikir edýärin. Arassaçylyk-bu sagdynlyk, owadanlylyk, gözellik, bu ruhy kämillik. Aşgabat şäherini synlanymyzda şu duýgularyň ählisini başdan geçirip uly ruhy goltgy alýarys.

Öýüň abadançylygy, maşgalanyň sagdyn durmuşy, daş-töweregiň gözelligi, juwanlygy. Durmuşyň bu zerurlyklaryny hiç wagt ünüsden düşürmedik ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi biziň şu günlerimizim üstünlikli dowam etdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz pederlerimizden gelýän bu ýol-ýörelgä eýýerip ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürdi. Muňa 2013-nji ýylda kabul edilen tokaý maksatnamamyz esasynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde döredilen baglary, tokaý zolaklaryny, “Ylham”, “Garaja oglan”, “Garaşsyzlyk”, “Aşgabat” ýaly onlarça seýilgähleri mysal getirse bolar.

Başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edýän  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabadyň şähergurluşyk arhitektura keşbi düýpgöter özgerip ajaýyp keşbe eýe boldy. Paýtagt şäherimiz ak mermerli binalaryň sananyň köplügi boýunça Ginesiň rekortlar kitabyna girdi. Mundan başgada milli öwüşgin saýylyp gurulan Oguz han suw süwdürimler toplumy, Aşgabadyň uçar menzili ýaly birnäçe binalar, desgalar hem Ginesiň rekortlar kitabyna girdi.

 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

 Yhlas Kurbanow