Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze eýýamyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman ösen lukmançylyk ylymyň gazananlary bilen bilelikde türkmen halkynyň halk luklançylygynyň tejribeleriniň, Ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Jelalleddin Hydyryň we başgada lukmançylykda yz galdyran watandaşlarymyzyň miraslaryny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň bagtyýar, agzybir raýatlarynyň sagdyn we ruhubelent ýaşamagyna uly itergi berýär.Biz hem şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Milli Liderimiziň: “Öz hünäri bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen köp okadym. men bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman höküminde däl, eýsem filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir” – diýip bellen ajaýyp sözlerinden hem-de “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” eserindäki “Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: “Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr” diýýär. Halkymyzyň edep –terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky diýen pikirlerinden täsirlenip, beýik alym, filosof , meşhur lukman Abu aly Ibn Sinayň we akyldar şahyr hem ruhy lukmanymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen gyzyklananda hem-de olaryň ynsan saglygy hakyndaky ýörelgelerini içgin öwrenip, degişli ýerlerde durup geçmegi makul bildim. Abu aly Ibn Sinayň müň ýyl özal beýan eden ylmy maglumatlarda we üç ýüz ýyl ozal Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerinde beýan edilen saglyk hakyndaky pikirleri biziň häzirki günlerimizde-de öz gymmatyny ýitirenok. Abu Aly Ibn sina “Adam dertlände hökmany suratda üç sany ýagdaýy seljermeli, her günki iýýän iýmitinden adam bedenine ýakmaýan ýakymsyz iýmiti gözlemeli, zyýany ýakymsyz maddalar ýok bolsa, iýen iýmitinden lezzet alyp, az mukdarda, öz wagtynda iýmegi, (ertirligi özüň, öýlänligi dostuň bilen bölüşip, agşamlygy duşmanyňa bermegi), maslahat beren bolsa Magtymguly Pyragy az iýmekligi, az ýatmagy köpräk hereketde bolmagy öňe sürüpdir. Abu aly Ibn Sinayň “ ilki söz, soňra däri derman, bolmasa tyg” diýen sözleri ýada Magtymguly Pyragynyň her bir ýaramaz endikleri aradan aýyrmagy bilen adam beden agzalaryndaky döräp biljek dürli kesellerini ýok edip bilýändigini belleýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaymyzhem özüniň lukmançylykdaky beýan eden ylmy maglumatlarynda ilki bilen arassa iýmit, soňra däri dermanlar bilen gaýryüzülmeleriň öňüni almak, bolmadyk ýagdaýynda beden agzalarynda ýüze çykan keselleriň öňüni almaklygy we bejermekligi maslahat berýär.Bu şertde diňe bir adamyň öz beden agzalaryny (agyz, diş, dişýany, dil we ş.m) sagdyn saklamak hakynda bolman ondan dowamat boljak nesillerimiziň hem sagdyn bolmagy hakyndaky aladalardan ybaratdyr. Gürrüňimizi Magtymguly Pyragynyň “Diş gitmek diýen” goşgusyndaky şu setirler bilen dowam edýäris.
Tagam lezzetin alar,
Dahanyňdan diş gitmek.
Äre sangy artdyrar,
Kyrkdan agyp ýaş gitmek.
-diýmek bilen şahyr adamzat ýaşaýyşyndan möhüm orun eýeleýä iýmitiň lezzetini duýmakda, ony çeýnemekde dişleriň ýerine ýetirýän işleriniň uly ornunyň bardygyny çeper suratlandyrýar hem düşündirýär. Haçanda iýmit doly we dogry çeýnelmedik umumy bedende şol sanda iýmit siňdiriş ulgamyny zyýanly oňaýsyz täsirleriniň bardygyny iýmitdäki ýokulmy maddalaryň çäkli derejede peýdasy bolýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Doly we dogry çeýnelen iýmitiň düzümindäki ýokumly maddalar iýmit siňdiriş ulgamynda oňat özleşip beden üçin gerekli derman bolup beden agzalary hereket eden ýagdaýynda, oňa gaýrat berýär. Ylymyň subut eden bu üstünligini ХVIII asyrda Magtymguly Pyragy şahyrana setirlerde beýan edipdir. Şahyr şol bir wagtda “Diş gitmek” atly goşgusynda:
Ýaman dil –ýol ýitirer, -diýip aýtmak bilen ýerlikli ýerinde söz sözlenmedik ýagdaýynda, geljege bolan ynamyň ýitmegine alyp barýandygyny hem-de ýerlikli ýerde söz sözlemek bilen
Ýagşy –rahmet getirer,
- diýip durmuşda ýaagşy adamyň şowlulygy ýardygyny, gowy zatlaryň ýagşy işleriň ýaraşygydygyny bir setirde giňişleýin beýan edýär.
Magtymguly Pyragynyň “Tagam lezzetin alar, dahanyňdan diş gitmek” diýen pikirleriň logiki dowamy hökmünde “Garrylykdyr ýaranlar” atly şygarynda-da şeýle setirlere duşkam bolýar. Magtymguly Pyragynyň öz şygyrlarynda sagdyn durmuş ýol ýörelgeleri bilen sagdyn nesiliň ýol ýörelgelerini bilen sagdyn nesiliň kemala gelmegi hakyndaky pikiri öňe sürýär. Bize şeýle eşretli durmuşy peşgeş berýän, okamana, öwrenmäne, döretmäne ajaýyp zamanany gurup berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyza köp köp sag bolsun aýdasym gelýä. Goý, ‘’Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynda ata Watanymyz has-da gülläp össün, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa