Gahryman Arkadagymyzyň:
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri,
Pähim-paýhas ummany – Mgtymguly Pyragy!
Mizemez binalaryň peýmany, ygtybary,
Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy!
diýen dürdäne setirleri bilen başlanýan «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly şygrynyň setirlerinden badalga alan 2024-nji ýylda ýurdumyzda türkmeniň beýik şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek üçin dürli medeni çäreler geçiriler. Bu çäreler diňe bir Türkmenistanda däl, tutuş türki halklaryň medeniýetinde, dünýä medeniýetinde şahyryň mizemez ruhuny galdyrmak bilen ýyl başyndan badalga aldy. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň jemleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitaby bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» kitabynda öz beýanyny tapan bolsa, täze ýylymyzda halkymyz akyldar şahyryň dürdäne setirleri arkaly pähim-paýhas bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda döwletli işleriň başyny tutarlar.
TÜRKSOÝ Halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi, dünýä edebiýatynyň genisi, akyldar şahyr Magtymgulynyň golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly medeni çäreleriň sanawyna goşulmagy türkmen halkynyň özüniň akyldar şahyry bilen dünýä ýüzünde tanalmakdaky subutsyz subutnamasy bolup durýar.
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne,
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy!
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur ylhamyndan dörän bu setirler arkaly beýik şahyr Magtymguly Pyragy aňymyzda we durmuşymyzda elýetmez belentlik bolup dikeldi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, dünýä laýyk gurluşyk ulgamyna eýerilip gurlan Arkadag şäherine görk berip, Köpetdagyň eteginde örboýuna galan şahyryň heýkeli diňe bir Zeminden däl, asmandan hem ýalkym saçyp görnüýär. Bu seýilgähde akyldar şahyrymyzdan başga-da, dünýä akyldarlarynyň birnäçesiniň heýkelleriniň dikeldilmegi bolsa, hakykatdanam, goşgy setirlerinde aýdylyşy ýaly, Magtymgulynyň edebiýatyň, filosofiýanyň, sufizmiň Alyjenaby hökmünde beýikden-beýik şahsyýetdigini görkezýär. Köpetdagyň eteginde galdyrylan bu beýik heýkel türkmen halkynyň taryhy bilen şu günki ajaýyp durmuşyny baglanyşdyrýandyr.
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň agzalary, welaýat we etrap häkimleri, beýleki pudak ýolbaşçylary üstümizdäki ýylyň 9-njy fewralynda bilen geçen Hökümet mejlisinde «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi iňňän möhüm waka bolup, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende galdyrdy. Bu hoş habar her bir türkmeniň başyny göge ýetirdi. Heý, Magtymguly ýaly milli şahyrynyň, akyldarynyň, beýik söz ussadynyň nurana keşbini döşüňe nyşan edinibem, neneň buýsanmajak, neneň guwanmajak?! Bu bir elýetmez belentlik ahyry?!
«Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň uç-gyraksyz taryhynyň hemişe seleňläp görünjek döwri bolup, Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, onuň belent başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent başlary aman bolsun!
Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň işjeň agzasy Mährijemal Joraýewa