Geçmişden şu günimize nazar aýlap, pederlerimiziň durmuş ýoly bilen içgin gyzyklananymyzda, biz taryhy hakykata, ýagny ata-babalarymyz bedewinde myradyny, alabaý itlerinde bagtyny görendiklerine aýdyň göz ýetirýäris.
Haçanda biz türkmeniň alabaý itleri barada giň düşünje almak, olar barada köp zatlary bilmek maksatly Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyny ele alyp “Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän “türkmençiligiň” batyrlyk, merdanalyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr” diýen ganatly jümlelerini okanymyzda hem alabaý itlerimiz barada buýsançly duýgulary başdan geçirýäris.
Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň “Alabaý-biziň milli buýsanjymyz. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek neslimize ýetirmek biziň borjumyzdyr” diýip, bize wesýet edip ýazan sözlerini okanyňda seriňe alabaý itlerimizi saklamakda, idetmekde, köpeltmekde, geljekki nesle ýetirmekde biziň öňümizde duran jogapkärçilige aýdyň göz ýetirýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda durmuşa geçiren işlerini üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyna we naýbaşy gymmatlyklaryna goýýan sarpasy täze röwüşde ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda alabaý itleriniň şan-şöhratyny äleme ýaýmak, diňe öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde hem türkmen albaý itlerini saklaýan itçynaslar we kinologlar bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmek, has berkitmek maksatly Aşgabat şäherinde Halkara alabaý itleri Assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda durmuşda dabaralandyrylan ajaýyp başlangyçdyr. Bu günki gün Halkara alabaý itleri Assosiýasynyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmen alabaý itlerimiziň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä ýaň salýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün Türkmen alabaý itleriniň we beýleki tohum itlerimiziň, şeýle-de ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan ähli itler kanun esasynda goralýar.
Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň şertleri esasynda itçilik, kinologiýa işi boýunça durmuşa geçirilýän işler giň gerimde ösdürilýär.
Itçilik- bu itleri köpeltmek. idetmek we olaryň tohumyny gowulandyrmak maksatly alnyp barylýan işleridir.
Kinologiýa-itleriň gelip çykyşyny we ewolýusiýasyny, olaryň anotomiýasyny we fiziologiýasyny köpeldilişini, saklanylyşyny, iýmitlendirilişini hem-de peýdalyşyny öwrenýän ylymdyr.
Kinologiýa işi-bu tejribede, şol sanda sportda ulanmak üçin itlere tälim bermek, olara aw awlamagy, kowgyny öwretmek we olaryň beýleki taýýarlygy, itlere zoo tehniki, sport, görkezme çärelerini guramak, adamlara itlere seretmegiň endiklerini öwretmek, itçilik we kinologiýa babatda hünärmenleri taýýarlamak, ylymy barlaglary geçirmek, itleri peýdaly maksatlar üçin ulanmak bilen baglanyşykly işleriň giň toplumyny öz içine alýar. Bu işleriň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenlere, itçynaslara, kinologlara döredip berýän giň şertleri esasynda kanun esasynda durmuşa geçirýär.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly türkmen halkynyň geçmişde döreden milli gymmatlyklarynyň içinde ahalteke bedewi, arwana düýesi, saryja goýuny bilen bir hatarda alabaý iti hem milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegidir.
Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan edermen pederlerimizden nesillere miras galdyran alabaý itlerini bu gün başynyň täjine deňeýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran № 919 belgili Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär.
2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda birwagtda widioaragatnaşyk arkaly ähli welaýatlarda alabaý itlerini saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumlaryň açylyp ulanmaga berilmegi ähli halkymyzda uly ruhybelentlik döretdi. Ol merkezlerde alabaý itleriniň ýatmaklary, gezim etmekleri, dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin döredilen giň şertler biziň ählimizi haýrana galdyrdy. Merkezde ýörite itleri barlagdan geçirmek, keselini anyklamak, bejermek maksatly dünýäniň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkeziniň bu ýerde hereket etmegi biziň ata Watanymyzda alabaý itlerimize näderejede hormat goýandygymyzy aýdyň äşgär etdi.
Marýam Ibadullaýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.