Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Alabaý biziň milli buýsanjymyz!

Geçmişden şu günimize nazar aýlap pederlerimiziň durmuş ýoly bilen içgin gyzyklananymyzda, biz taryhy hakykata, ýagny ata-babalarymyzyň bedewinde myradyny, alabaý itlerinde bagtyny görendiklerine aýdyň göz ýetirýäris.

Haçanda biz alabaý itleri barada köp zatlary bilmek maksatly Gahryman Arkadagymyzyň “türkmen alabaýy” atly kitabyny ele alyp, bu kitaby okanymyzda alabaýlaryň biziň milli buýsanjymyzdygyna aýdyň göz ýetirýäris we şeýle mirasy bize peşgeş galdyran pederlerimize müňde biz hoşallygymyzy bildirýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemeklige badalga berildi.

Ine “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilenýylymyzda bu baýram ilkinji gezek ata Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda giňden bellenilip geçer.

Şol nugtaýnazardan şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň hem oba-şäherlerinde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan çäreler geçirilip başlandy.

Şeýle dabaraly çäreleriň biride TAP-nyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Alabaýlar biziň milli buýsanjymyzdyr” atly dabaraly maslahatdyr. Bu dabaraly çärä iri säher bilen Halkara alabaý itleri Assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkezinde badalga berildi. Bu ýerde Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýanyň işjeň agzalary, talyp ýaşlar itçilik merkezinde döredilen giň şertler bilen, owadan merdana alabaý itleri bilen tanyşdylar, şeýle pälwansypat alabaýlary ýakyndan synlamaga mümkinçilik aldylar. Soňra bu çäredeAgrar partiýanyň işgärleri gahryman Arkadagym,yzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alabaýlar hakda edýän aladalaryny giňden düşündirdiler we bu ýerä gatnaşyjylara Gahrym Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyndan täsirli parçalary okap berdiler.

Soňra dabaraly maslahatyň dowamy Lebap welaýat kitaphanasynda dowam etdi. Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýanyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri Türkmen alabaýlary barada Gahryman Arkadagymyzyň eden aladalary, Arkadagly Serdarymyzyň bu işleri üstünlikli dowam etdirişi barada buýsançly sözler aýdyldy. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary “Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunyny düşündirdiler we bu kanuny hemmeleriň içgin bilmekleri hökmandyr diýip, öz sözlerinde belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV tomunyň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrlyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu köptomly eserleri ýakyndan tanamaga, olary ýygmagyň, melhem taýýarlamagyň ýollaryny öwrenmäge, öz saglyklaryny berkitmäge ýardam berýän ýankitaplara öwrülendigini we täze çapdan çykan tomuny okap ýene-de milllonlarça adamlaryň öz jenlaryna melhem tapjakdygyna biz pugta ynanýarys diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar şeýle ajaýyp kitaby peşgeş edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza ýüzlenme kabul etdiler we Arkadagymyza berk jan saglyk, döredijilik işinde üstünlik arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow