Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Ynha bilşimiz ýaly uly üstünliklere, egsilmez rowaçlyklara beslenip geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny tamamlap, täze güýç bilen 2024-nji täze ýyla “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna gadam basdyk. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly sepgitler bilen tamamlanan geçen ýylymyz, aýratyn-da ýaş nesiller üçin ýakymly pursatlara baý bolup, täze taryhy eýýamymyzy bezeýän möhüm sahypalarynyň birini emele getirdi. Täze ýylyň öňi syrasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny bütin halkymyza sowgat etmegi şeýle tolgundyryjy, ýatdan çykmajak şanly wakalaryň biri boldy. Döwlet baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Şöhratly üstünliklere beslenip geçen her bir günlerimiziň gazanan şanly wakalaryny açyk görkezýän setirler bizi hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara hemra edýär. Kitabyň ajaýyp sahypalarynda orun tapan her bir sözüň manysynda, her bir sözlemiň mazmunynda, beýan edilen her bir jümleleriň süňňünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamy jäheklenendir. Munuň şeýledigine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren şu ajaýyp eseriniň ilkinji sahypalarynda:”Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys!” – diýen ajaýyp jümleleri-de aýdyň şaýatlyk edýär. Pederlerimizden bize miras galan her bir jümle mukaddesdir. “Ýagşy niýet - ýarym döwlet” –diýlen parasatly jümle hem Türkmenistan döwletimiziň ad - abraýynyň belent tutulyp, her bir işde ak ýollara rowana bolýandygyny görkezýär. Çünki her bir arzuw, niýet, ynam birleşip bir bitewi güýji emele getirip synmaz dereje ýetip, dowamata ýol salýar. Diýmek, ýaş nesillerimize bildirilýän bu günki ynam hem dowamat-dowamatymyza, ýagty ertirlerimize bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alnyp, häzirki günde Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, ýurdumyzyň gülläp ösmeginde uly orun tutýan jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, özleriniň ýiti başarnyklaryny, zehin mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan uly özgertmeleri dowam etdirmek, öňde goýlan düýpli çözgütleri, meseleleri durmuşa ornaşdyrmak geljekde ýaş nesillerimiziň paýyna düşýär. Şol sebäpli türkmen ýaşlary özlerine bildirilýän ähli ynamy ödemegi, asylly hem-de beýik işleri durmuşa ornaşdyrmakda özleriniň mynasyp goşandyny goşmaklary özlerine hem borç, hem buýsanç hasap edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň “Ýaşlar - Watanyň Daýanjy” diýlip atlandyrylmagynda-da uly many bar. Çünki Watan ýaşlara daýanýar. Geljekde ýurdumyza şan getirjek uly öňegidişlikleriň basgançakmy – basgançak amala aşyrylmagynda ýaşlaryň hem uly orny bardyr. Ajaýyp eseriň her bir gatyny synlanyňda türkmen ýaşlarynyň dünýä jemgyýetçilinde tutýan ornuny, ösüp gelýän ýaş körpe nesilleriň ýüzlerinde şatlyk alamatyny, bagtyýarlyk uçgunlaryny, asuda asmanyň goýnunda eşretli döwletiň gujagynda ýaşaýan agzybir türkmen ilimiziň bagtyýar pursatlaryny, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň edebi milli mirasyny, edebi gymmatlyklaryny, dost-doganlyk ýörelgelerini, her bir pudakda gazanylan şanly ösüşlerini, Türkmenistan döwletimiziň görülip eşidilmedik derejede pajarlap ösýän berk binýadyny aýdyň görmek bolýar. Bu ajaýyp şa diwan sözbaşydan we 14 bölümden ybarat bolup, her bir bölümde beýan edilen parasatly jümleler her bir okyjynyň aňynda, ruhunda müdimilik ornaşýar. Çünki kitap ynsanyň teşne ruhuny gandyryp ony kämillige gönükdirýän ajaýyp eserdir. Her bir ajaýyp eseri okap başlan badyňa adamda täzeçillik duýgular, pikirler emele gelip başlaýar. Bu bolsa ynsanyň giň dünýägaraýşyna bolan gözýetimini has-da giňleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde häzirki günde türkmen ýaşlaryny watana, il günümize wepaly, ilhalar ýaşlar edip ýetişdirmek meselelerine uly jogapkärçilik bilen çemeleşilýär. Biz hem TAP-niň Dänew etrap komitetiniň agzybir işgärleri bolup ilkinji partiýa guramalarymyzyň arasynda ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabaralary mynasybetli wagyz-nesihat çärelerini, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleri, edebiýat agşamlaryny, bäsleşikleri, maslahatlary yzygiderli geçirýäris. Her bir geçirilýän çärelerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ilkinji ajaýyp eseriniň özlerinde galdyran täsiri barada çykyş edýärler. Her bir edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaş nesilleri ugrunda edýän bimöçber aladalary giňden açylyp görkezilýär. Olar maňzyňa batýan şular ýaly pähim-parasada ýugrulan ajaýyp eserleri okamaga, bilim almaga, ylym öwrenmäge aýratyn sarpa goýýan pederlerimiziň bu ugurdaky ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýändigi üçin ýurt baştutanlarymyza çuňňur sag bolsunlaryny beýan edýärler. Şeýle giň many-mazmunly eserleri okap olardan özümize görelde edinmek biziň üçin uly bagtdyr. Şu bagtdan paýlydygymyza biz çäksiz buýsanýas, guwanýas. Geljekde-de türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan her bir beýik başlangyçlaryny dünýä ýaýmakda, halkymyza ýetirmekde mundan beýläk hem önjeýli, ruhybelent zähmet çekjekdegimize ynandyrmak isleýärin. Şeýle eşretli zamanada, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem ilhalar eserleriniň höwri köp bolsun, galamy ýiti, halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň yzy gür bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa