Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalary peşgeş berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen taryhy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýe bolup, bagtyýar halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Şunuň bilen birlikde, dünýä ösüşinde mynasyp orny eýeleýän şöhratly taryhymyza, asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten, pederlerimiziň paýhasy hem ruhy siňen milli medeniýetimize bolan söýgi-buýsanjy artdyrdy.
Bilşimiz ýaly, türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen işleri alyp barýan TÜRKSOÝ bilen netijeli gatnaşyklar giňden ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetleriň özara baglanyşygyny üpjün etmek we dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işler halklary dostlaşdyrýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi gadymy şäheriň taryhy şöhratynyň ýaňadan dabaralanýandygynyň subutnamasy boldy. Änew irki döwürlerde gadymy medeniýetiň gülläp ösen şäheri bolup, «Änew medeniýeti» ady bilen taryhda öz mynasyp ornuny tapdy. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir» diýen sözleri hem tassyklaýar. Hormatly Prezide ntim iziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplary hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Baga- bat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümleri dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, mede- niýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren ägirtleriň onuň taryhyny öwrenmekde alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, onda gadymy we juwan şäheriň şöhratly şu güni hakynda hem gürrüň edilýär. Şeýle-de ajaýyp kitapda berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada söhbet edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip belläp geçişi ýaly, täze kitap ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazyna bolmak bilen birlikde, her birimiziň döredijilikli başlangyçlarymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna alyp barýan işlerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç, galamynyň ýiti, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Näzbibi Kubaýewa