Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Altyn başly ak bugdaýym

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň  baştutanlygynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejesinde dabaralanýan ýurduna öwrüldi.

Ýurdumyzyň senagatyndaky we oba hojalygyndaky ýokary derejedäki ykdysady ösüşleri, dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik desgalarynyň gurulmagy, obalary, şäherleri, etrapdaky şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmakda alnyp barylýan işler, täze obalaryň şäherçeleriň açylmagy, köpugurly söwda bazarlarynyň, müzeýleriniň, kitaphanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň,  döwrebap köprüleriniň, şaýollaryň, polat ýollaryň gurulmagy, ýaşlara iş orunlarynyň kepillendirilmegi, zähmetkeşleriň, gallaçy daýhanlarymyzyň iş we ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilip durulmagy hormatly Prezidentimiziň sahawatly işleriniň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, oba hojalyk pudagynda, şol sanda bol galla hasylyny öndürmekde gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda ilkinji nobatda adamlaryň zähmetsöýerligi, döredijilikli zähmete çuňňur höwesi möwç urýar. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan çykarylýan oýlanşykly çözgütleriň, alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzyň ak ýürekli zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Çünki oba hojalyk işgärleri yhlasly hem-de halal zähmeti bilen sahawatly hem bereketli toprakdan bol hasyl öndürmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri alyp barýarlar.Türkmen daýhany bu gün maňlaý derini döküp toprakdan altyn öndürýärler. Öz päk zähmeti bilen döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşandyny goşýar.

“Arpa-bugdaý aş eken, altyn-kümüş daş eken” diýip ata-babalarymyz ak ekini hemişe mukaddesligiň aňry çägi hasaplapdyrlar. Olar-ekine-çörek, gözellik, durmuşa-ýaşaýşa gönezlik, abatlyk hökmünde garapdyrlar. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan baş ekini-ak bugdaýyň harmany ýylsaýyn beýgeldi.

Uly iliň soltany hasaplanylýan bugdaý türkmen halkynyň mukaddes baýlygydyr, saçaklarymyzyň mele-myssyk çöregidir.

Ak bugdaýyň Watany bolan eziz Diýarymyzda, Türkmen topragynda gadymy wagtlardan bäri bugdaýyň iňňän tagamly, bol hasyly ösdürilip ýetişdirilipdir. Üstünden agyr-agyr kerwenler dünýäniň çar künjüne ýol salan türkmen topragynda ýetişdirilen bugdaýyň at owazasy äleme ýaýrapdyr. Orta asyr jahankeşdeleriniň belleýşi ýaly, türkmen topragynda –gadymy Änewde öndürilen bugdaý Gürgeniň üsti bilen arap ýurtlaryna , ondan hem Wizantiýa çenli baryp ýetipdir.

Hawa, Garaşsyzlyk ak bugdaýyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Ýurt möçberinde daýhana kärende ýerini 99 ýyllyk möhlet bilen bermek ýaly sogap işe Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ak ýol açyldy. Bu bolsa daýhanyň ata-baba kesbine höwesini artdyrdy. Onuň kalbyna ynam, biline kuwwat berdi. Ýer hakyky eýesine gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ekişden başlap, hasyl ýetişdirmekde, ýygnamakda türkmen daýhanyna iň ösen döwletleriň kämil tehnika, kombaýn üpjünçiligi gowulandy.Ýurdumyzda iňňän uly galla saklanylýan elewatorlar, bugdaýy gaýtadan işleýän kuwwatly zawodlar gurlup ulanylmaga berildi. Suwdur dökün bilen üpjünçilik meselesi kemsiz çözüldi. Bu zatlary gözi bilen gören türkmen gallaçysynyň zähmete bolan garaýşy büs-bütin üýtgedi. Halallyga ýol açylyp, mukaddeslige sarpa goýuldy. Şeýlelikde, türkmen gallaçysynyň ýere sepen tohumy müňledi, harmany beýgeldi.

Tolkun atyp ýatan umman ýaly bugdaýly meýdanlarda bu günki möwç urýan joşgunly zähmet gallaçy daýhanyň ýyl azabyny jemleýär. Galla oragyna günsaýyn giň gerim berýän gallaçylarymyz öz tutan maksatlaryna ýetmek üçin hasylyň ýeke dänesini hem yrýa etmän ýygnamagyň aladasynda.

Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň  baştutanlygynda uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolan ýurdumyzda zähmet adamlarynyň gadyry, sylag-sarpasy uly. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge bu gün her bir raýatyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Ol buýsanç eziz Watanymyza bolan belent söýgüden, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur hormatdan, ene ýere bolan yhlasdan, zähmete bolan höwesden, ertirki güne bolan ynamdan püre-pürdir.

    Halkymyzy toýly-döwranly günleriň eýesi eden, berekedine şan beren hormatly Prezidentimiziň , Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni Kerimowa Sülgün