Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkyna ata-babalarymyzdan miras galan maddy we maddy däl gymmatlyklarymyzyň ençemesi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Muňa Merw galasyny, Köneürgenji, Nusaý galasyny maddy däl gymmatlyklaryň hataryna girizilen “Görogly” şadessany, küşdepti tansymyzy, dutar we dutar ýasamak sungatyny we ýene-de birnäçe tymsallary getirip bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny we Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze badalga berilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýär. Muňa “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Repetek biosfera döwlet goraghanasynyň we oňa ýanaşyk ýerleşýän ýerajy böleginiň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi, welaýatyň merkezi şäheri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Amul” galasynyň ÝUNESKO-nyň maddy gymmatlyklarynyň sanawyna girizilmegi buýsançly habarlaryň ýene birisi bolup kalplarymyza girdi. “Amul” galasy geçmişde beýik ýüpek ýolunyň runda ýerleşýän uly şäherleriň biri bolupdyr. Bu şäherde ussaçylyk, zergärçilik, külalçylyk, daýhançylyk we ýene-de ençeme hünärlerden baş çykarýan sowatly, başarjaň adamlar ýaşapdyrlar. Amul şäheri beýik ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen soň bu şäheriň bazarlarynda ir şäherden giç agşama çenli söwda gyzypdyr. Bu şäherde dürli ýurtlaryndan söwda etmäge gelýän söwdagärler üçin kerwensaraýlar hereket edipdir.
Geçmiş taryhda “Amul”, “Çärjew”, “Türkmenabat” atlary bilen ýaşan we ýaşamagyny dowam etdirýän ajaýyp şäherimiziň düýp özeni hasaplanýan “Amul” galasynyň ÝUNESKO-nyň maddy gymmatlyklarynyň sanawyna girizilmegi bizi örän begendirdi.
Ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýyp, milli gymmatlyklarymyzy dünýä çykarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur. Goý, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip bizi bagtyň ak ýolundan belent sepgitlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow