Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenyär. Biziň her birimiz Gahryman Arkadagymyzyň türkmen döwletini dünýä nusgalyk döwlete öwürmek baradaky beýik işlerini, uzak gelejegi nazarlaýan döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirýän ajaýyp pursatlarynyň şaýady bolýarys. Şu taryhy ýylmyzyň ilkinji günlerinden ýurdymyzy ähli babatynda ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowlandyrmak bilen bagly maksatnamalaýyn işlere uly badalga berilýär.
Şu ýylyň 22-nji fewral güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prizidumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek şeýle hem şu ýylda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meselelere serildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prizidumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler adam hakdaky aladanyň ýurdymyzda ileri tutylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda çuň manyly çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 9-njy fewral güni geçen ýylyň jemlerine bagyşlap, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirendigini, mejlisiň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklandygy barada aýdyp, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamada öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler barada aýratyn belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda “Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen döwleti gün-günden kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesiýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watana bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi” diýip belläp geşdi. Dogurdan hem soňky sanlyja ýyllaryň içinde Türkmenistan ýurdymyz täze ösüş özgerişleri başdan geçirýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna nazar aýlanyňda munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ylym-bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyş ulgamynda, senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda ýetilen sepgitler ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly mümkinçilik berdi. Munuň özi “Döwlet adam üçindir”, ‘Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” diýen ajaýyp ýörelgämiziň aýdyň miwesi bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda geçen ýyllarda ýurdymyzda içerki önümiň ösüşiniň görkezijileri barada sanly ulgam üsti bilen aýdyp geşdi. Şonda ýurdymyzyň senagat, söwda bölek satuw ugurlary, ilat sanynyň ösüşi barada geçen ýyllar bilen deňeşdirmesini anyk mysallar arkaly görkezdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň kabul eden maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginde halk maslahatynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň öňlerinde möhüm wezipeleriň durýandygy barada aýratyn belläp geşdi. Öňde duran möhüm wezipeler bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty barada wagyz-nesihat işleriniň geçirilmelidigi barada aýtmak bilen oba ilatynyň aeasynda meýdan isleriniň alnyp barylýan wagtynda olar bilen duşuşmaklygy, armasynyny ýetirmekligi, meýdan isleriniň alnyp barylşy barada pikir alysmagyň möhümdigi barada anyk tabşyryklary berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesi türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşy, ýolumyza nur çaýýan şamçyrag, şu günimiziň gelejegimiziň röwşen kepili, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ruhlandyryjy güýç bolup durýar. Şol mizemes güýç bu günki gün tutyş jemgyýetimizi galkyndyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri ýerlerdäki ilkinji guramalarymyz bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik birleşikleriň öňlerinde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde bar ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Oba ilatynyň arasynda möwsümleýin meýdan işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba zähmetkeşleri bilen iş üstünde duşuşyp, alnyp barylýan meýdan işleri bilen tanyşmak, olaryň armasynyny ýetirmek boýunça degişli işleri geçireris. Munuň özi daýhanlary işe bolan höwesini artdyrmaga, öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge uly badalga berer.
Ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak, agzybirlik bilen jemgyýetimizi tutanýerli zähmete ruhlandyrmak barada Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipeleri ýurdymyzy ähli babatynda mundan beýläkde okgunly ösdürmekde, mähriban Diýarymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýüzinda has-da arşa galdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzy bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli tutymlary elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, etrap halk maslahatynyň agzasy Gülhumar HOJAHMETOWA