Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar babatda, şol sanda oba hojalygynda hem uly ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak, ýer eýeleriniň tejribelerini ýokarlandyrmak, önümçiligiň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak arkaly öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Diýarymyzyň toprak-howa şertleri mukaddes ene topragymyzda datly miwedir ir-iýmişleriň, gök önümdir bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge, bir ýerden iki hasyl almaga, hatda gyşda gyşalaýan ýorunja, güýzlük arpadyr bugdaý ýaly ekinleri ekip, üçünji hasylyň düýbüni tutmaga doly mümkinçilik berýär.
Ekin dolanyşygynyň aýlawyna laýyklykda, bir ýerden iki hasyl almak üçin güýzlük bugdaýdan soň gyşlaýan ekinlerden ýorunja, gant we gyzyl şugundyr, ot-iýmlik şugundyr, käşir güýzlük kelem, işdäaçar otlar, düme we ýarym düme bakja ekinleri gowy netije berýär.
Bilşimiz ýaly, türkmen daýhanlary bugdaýy orlan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmegiň ussatlary hasaplanýarlar. ‘’Aralyk ekinler’’ diýip, gowaça, bugdaý ekip, olar ýygnalandan soňra indiki ekişe çenli ýetişdirip bolýa ekinlere aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, aralyk ekinler topragyň düzümini baýlaşdyryp, haşal otlaryň bitmezligine-de öz täsirini ýetirýär. Aralyk ekinden soňra onuň yzyna nähili ekin ekseň-de, gowy hasyl berýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzyň şertlerinde aralyk ekinler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bugdaýdan boşan ýerlere köp harajat etmezden, aralyk ekinleriň haýsysyny ekseň-de, gowy girdeji gazanyp bolýar. Öz işleriniň hakyky ussatlary bolan daýhanlar aralyk ekinleriň görnüşlerini ýylsaýyn artdyrýarlar. Netijede, dary, künji, ýer hozy ýaly ekinleriň-de meýdanlary barha giňelip barýar.
Şu günler biziň etrabymyzda hem aralyk ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri gowşamaýan depginde, guramaçylykly dowam edýär. Şeýdip bazarlarymyzy dürli görnüşli önümlerden doldurýan daýhanlar, mülkdarlar halal baýap, rysgally, döwletli önüm öndürijilere öwrülip barýarlar. Özüniň gazanç-girdejisini halal zähmetden tapan şeýle gurply daýhanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzda önüm bolçulygyny döretmekde olaryň-da mynasyp paýy bar. Hawa, bu gün türkmeniň toý saçagynda adyny tutan zadyň bar.
Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlarymyzyň ençemesine ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary gowşurylýar. Özleriniň ýerine ýetirýän işlerine şeýle ýokary derejede üns berilmegi daýhanlarda egsilmez zähmet joşgunyny döredýär.
Halkymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Dänew etrap komitetiniň buhgalteri Merjen Abdullaýewa