Hormatly Prezidentimiziň tabşyryşy ýaly ýerden bir ýylda iki we üç hasyl almak, ýerleri has netijeli peýdalanmak has köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Şonyň üçin Daşoguz welaýatynyň ähli ýerinde bolşy ýaly Boldumsaz etrabynda hem bugdaýdan boşan ýerlerde aralyk ekinleriň ekişi barha gyzyşýar.
Etrabyň “Döwletli”, “27-nji oktýabr” daýhan birleşiklerinde 1187 gektar meýdanda güýzlik bugdaý ekilip, onuň agramly bölegi irki döwürde bişip ýetişdi. Daýhan birleşigiň gallaçylary ýerden has netijeli peýdalanmagy, bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekmegi maksat edinýärler.
Şu ýyl daýhan birleşik boýunça bugdaýdan boşan ýerleriň yzyna 46 gektar ýere mäş, 8 gektar ýere noýba, 4 gektar ýere giçki käşir ekmek göz öňünde tutuldy. Şonuň üçin bugdaýdan boşan ýerleri bada-bat aralyk ekinleriň ekişine taýýarlamaga girişildi.
Daýhan birleşikde aralyk ekinleriň ekişi soňky atyzlarda alnyp barylýar. Aralyk ekinleriň ekiş möwsümi tamamlanýança bugdaýdan boşan ýerleriň has köp bölegini peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Bugdaýy hasyly ýygnalan ýerleri aralyk ekinlerini ýetişdirmek üçin peýdalanmak etrabyň beýleki daýhan birleşiklerinde hem gyzgalaňly dowam edýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa