Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň Galkynyşy döwründe “Arkadg Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” tary wakalara baý ýyllaryň biri bolýar.
“Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr “diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak ,döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar.Berkarar döwletiň täz eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna ,halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ,Watanymyzyň mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýar .Ýurdumyz üçin şatlykly wakalaryň biri hem Ahal welaýatynda döwrebap “Arkadag şäheriniň gurulup uklanmaga berilmegidir.Arkadag şäherini halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrylyp halkymyza mynasyp derejede mümkinçilik berilýar.Bu şäherde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleriniň hereket etmegi ýola goýulupdyr. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň ilatymyz üçin elýeter bolmagyny şertlendirýar.Döwrebap tehnologiýalaryň işe girizilmegi edaralara we ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýde ýokary tizlikli internet ,IP telewidenýa hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.Bulardan başgada ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumynyň gurnalmagy üstüni ýetirýär.Desgalarda “akylly” şäher we “akylly”öý girizilipdir. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň ,edaralaryň töwerginde köçelerde we ýollarda howpsyzlygy üpjün etmek üçin “akylly” wideogözegçilik ulgamlary ,awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpçün edýär döwrebap ýol yşyklar ,agyz suwunyň ,tebigy gazyň sarp edilişiniň ölçeýji ulgamlar gurlupdyr .Arkadag şäherindäki “akylly” ýoluşyk gije-gündiziň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde jemgyýetçilik ýerlerinde ,köçelerde we ýollarda howpsyzlygy üpjün etmäge ýüze çykan hadysa boýunça dessine degişli işleri geçirmek ol barda degişli gulluklara habar bermek maglumatlary ýygnamak “akylly” wideogözegçilik ulgamy çatryklarda ýagdaýy hakyky wagtda seljerer ýaly awtouklaglarynyň herekediniň köplüginiň derejsini kesgitlemekwe merkezi dolandyryşa maglumat ibermek makady bilen ýola goýlupdyr.Ägirt uly giňişligi eýeleýän täze şäheriň sebitde hatda dünýäde-de deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan işleriniň ajaýyp beýanydyr .Şeýlelikde häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä we milli tejribesini özüne siňdirýän Arkadag şäheri gözelligiň hem-de döwrebaplygyň şäherine öwrüldi.
Halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösdürip, ajaýyp durmuşy bagş eden Milli Liderimiziň, bu ýörelgäni üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ömüri uzak, belent başlary aman bolsun, il ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň buhgalteri Aýnura Jumaýewa