Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Arkadag şäheri-bagtyň şäheri

 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň  ýurdumyzy ösdürmek babatdaky alyp barýan beýik başlangyçlarynyň netijesinde ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle ösüşleriň mysalyny bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”  çäginde gurluşygy güýçli depginde alnyp barlyp, uly şatlyk, dabara bilen  açylyp, ulanylmaga berlen Arkadag şäheri bolsa muňa buýsandyryjy mysaldyr.

          Täze şähere “Arkadag” adynyň dakylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna beýik sarpanyň, onuň durmuşa geçirýän ajaýyp işleriniň ählihalk tarapyndan makullanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Çünki Arkadag şäheri eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, onuň şähergurluşyk keşbi  ýurdumyzyň ösüşi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasaty Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amal edilip, kemala gelen Arkadag şäheriniň ähli desgalarynyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanmagy, şäheriň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär.

            Gözel künjekde peýda bolan Arkadag şäheri dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary sanly mümkinçiliklere eýe bolmagy bu täze şäheri “akylly” şäher diýip atlandyrmaga doly esas döredýär. Sanlyja döwürde bu ýerde dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binanyň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň giden hatary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäheri dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň ajaýyp miwesidir.  Arkadag şäheriniň gurluşygynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň aglabasy ýurdumyzda  we tutuş sebitde ilkinjilik häsiýetine eýedir. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özünde jemleýän we häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan binalaryň ulanylmaga berilmegi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň abadan geljegini gurmakda ýene bir möhüm ädimleriň biri bolar. Çünki Arkadag şäheri beýik işleri durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ajaýyp geljeginiň  aýdyň subutnamasydyr.

          Goý, bagtyýar şu günümize we nurana ertirimize buýsanç paýlaýan Arkadag şäheriniň ady taryhyň şanly sahypalarynyň baky bezegi bolsun!

Döwran Magtymow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň

başlygy