Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Arkadag şäheri gelejegiň şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2019-njy ýylda gurlyşygy başlanan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry sanlyja ýyllaryň içinde gurlup ulanmaga berildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýun güni Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy ähli türkmenistanlylary diýseň begendirdi buýsandyrdy. Tele ýaýlymlaryň üsti bilen Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny görenimizde ýurdymyzda dünýäde deňi taýy bolmadyk "akylly şäheriň" kemala gelendiginiň gözli şaýady bolduk. Ýurdymuzda toýlar elmydama goşa goşadan gelýär. Mübärek gurban baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriň açylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän iki kitabynyň neşir edilmegi bizin her birimiz üçin uly baýramçylyk sowgady boldy. Arkadag şäheriniň açylşy güni Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýaşulylar Geňeşiniň agzalary bilen Mekge Medina haj parzyny berjaý etmek üçin gitmegi, Keramatly  ýurtda haj parzyny berjaý edip, öten geçenleri hatyralap gurbanlyk sadakasyny berip, il agzybirligi, ýurt asudalygy barada dileg etmegi aýratyn bellenmäge mynasyp.

Goşa toýuň toýlanýan günlerinde elmize gelip gowşan  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheri gelejegiň şäheri atly kitabynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurluşygy alnyp barylan desgalar barada maglumatlar, olaryň foto suratlary, akylly şäheriň gündizki gejeki gözel görnüşleri ýerleşdirilipdir. Birnäçe bölümleri özünde jemleýän, türkmen, iňlis, rus dillerinde çapdan çykan bu kitapda  Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumatlary okamak bolýar. Dürli dillerde çap edilmegi bolsa sebitde deňi taýy bolmadyk "akylly şäher" barada dünýä ýurtlarynyň giň okyjylarynyň okamygyna tanyşmagyna uly mümkinçilik berýär.

            Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdymyz durmuş ykdysady taýdan uly ösüşlere  halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň yzgider ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty üstünliklere beslenýär, ezizi diýarymyzyň keşbi barha gözelleşýär. Köpetdagyň eteginde akylly Arkadag şäheriniň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadag şäheriniň açylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň neşir edilmegi bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzyn gyzgyn gutlaýaryn. Ak ýollardan günbe-günden Türkmenistan ýurdymyzy  ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkyň bagtyýarlygy ugrynda alyp barýan her bir rowaç işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.