Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenip, biziň her birimiziň ata Watana bolan söýgümizi, begenjimizi buýsanjymyzy artdyrýar. Şu ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy muňa aýdyň mysal bolup bilýär. Sebitde deňi taýy bolmadyk Akylly şäheriň Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde açylymagy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli halkymyza iň ajaýyp sowgatlarynyň biri boldy. Arkadag şäheriniň açylmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýz ýürekden gutlaýaryn.
Şeýle şatlykly wakalaryň dowam edýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan iki kitaby Arkadag şäheri geljegiň şäheri we Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaplary çapdan çykdy. Akylly şäher konsepsiýasy ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäherine bagyşlanan Arkadag şäheri geljegiň şäheri atly kitapda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işle giňden beýan edilýär. Birnäçe bölümleri özünde jemleýän kitapda Hormatly Prezidentimiziň “häzirki döwürde dünýäde tutyş bir şäheri gurup ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdymyzyň ykdysady kuwwatynyň, artýandygyny, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowydygyna aýdyň şaýatlyk edýär” diýen sözleri bilen başlanýar. Geljegiň şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklaryny gündizki, gijeki gözel görnüşlerini açyp görkezýän fotosuratlaryň kitabyň degişli bölümleri mazmuny bilen utgaşykly berilmegi kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu kitap üç dilde taýýarlanmagy onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýär. Munuň özi daşary ýurtlylaryň hem okap, Arkadag şäheriniň ajaýyplyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Arkadagly Serdarymyz Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir diýip öz il halkyna uly bil baglaýar. Biziň hem ählimiz öndürjilikli zähmet çekmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip ata Watanmyzyň ähli babatynda ösüşine, dünýä ýüzündäki at-abraýnyň arşa galmagyna öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Şu ajaýyp purstdan peýdalanyp,Arkadag şeheriniň açylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň çapdan çykmagy bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy gyzgyn gutlaýaryn. Bedew bady bilen ýurdymyzy ösüşlerden ösüşleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni. Çynar Berdikulyýewa