Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

ARKADAG ŞÄHERI – BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär.  Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we  «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we  «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy we «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy» diýip atlandyrmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmagy we «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Beýik  şahyrymyz we akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň, merdana ata-babalarymyzyň  arzuw eden şu  beýik bagty – Berkarar döwleti, agzybir, abadan we bagtyýar durmuşy hormatly Prezidentimiziň saýasynda hakykata öwrüldi. agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleri doly goldaýar we bu il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Sebäbi bu beýik işler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat  Çärjew etrap komitetiniň başlygy G.Abdyýewa