Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylan geçen 2023-nji ýyl ýaşlarmyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy diýsek örän ýerlikli bolsa gerek. Çünki bu ýylda ýaşlarmyzyň durmuşy bilen bagly birnäçe isler durmuşa geçirildi. Munuň özi ata Watanmyzyň ertirki eýeleri bolan ýaşlarmyza uly ynam bildirilýändigini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz "ýaşlar biziň gelejegimiz, şu günmiz" diýip ýaşlara uly ynam bildirýär. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan geçen ýylda ýurdymyzyň ýaşlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürjilikli zähmet çekmek bilen watanmyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna, şeýle hem dünýä ýüzinde at abraýnyň arşa galmagyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşdylar.
Geçen ýylymyzyň iň bir ýatda galyjy wakalarynyň biri höküminde 27-nji dekabr güni geçirilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly formuny aýtmak bolar. Bu forma ýurdymyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlarmyz, talyplar gatnaşdylar. Forma ýurdymyzyň ähli welaýatlaryndan şol sanda Daşoguz welaýatyndan güni aragatnaşyk arkaly gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilmegi, bu forma meniň hem gatnaşmagym biz ýaşlary bagtyýar döwrümize bolan baýsanç söýgümizi has-da artdyrdy. Geçirilen halkara ylmy-amaly formynyň dowamynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda ýekän-ýekän bellenip geçildi. Bu hem bolsa Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň örän öňdengörüji içeri we daşary syýasatynyň aýdyň miwesidir.
Şeýle hem halkara formynyň öňýanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz şol sanda ýaşlar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarmyzyň eden işleriniň jemlerine bagyşlanan bu kitap giň okyjylar tarapyndan çuňňur hoşallyk, uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar watanyň daýanjy” kitabynda şeýle sözler bar: “Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarmyzyň gatnaşygy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplanýan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmagy müwessa bildim” diýen ýaly jümleleri bar. Dogurdanam geçen ýylda ýurdymyzda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ägirt uly işler durmuşa geçirilip, mähriban Watanymyzyň halkara derejesinde at-abraýy arşa galdy. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýörüteleşdirilen düzüminiň – ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzasy bolmagyny, ýaşlarmyzyň sport ýaryşlaryna, halkara olimpiýadalara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny aýtmak bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Watan diňe halky bilen Watandyr-Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip il halkyna uly bil baglaýar. Biz ýaşlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanmyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak, ýurdymyzyň at-abraýny dünýä ýüzinde has-da arşa galdyrmak ugrynda bar ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Bu işlerde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler, toplanan tejribeler Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda amala aşyryljak ähli işlere uly badalga bolar.
Ýaşlaryň durmuşyna, ykbalyna dahylly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutymly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, Gülhumar HOJAHMETOWA