Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymuly Pyragy” ýylymyzyň her bir güni Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şanly senelere, syýasy wakalara beslenip gelýär. Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, özünde mähirliligi hem-de rehimdarlygy, wepadarlygy we pähim-paýhasy, gözelligi hem-de çeper el işine ussatlygy jemleýän türkmen zenanyna asyrlaryň dowamynda belent sarpa goýulyp gelinýär. Täze taryhy döwürde zenanlar hakynda alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň syýasy ugrunyň ileri tutulýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Enelik we çagalyk, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak baradaky alada Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň derejesine ýetirildi.
Özleri üçin edilýän şeýle taýsyz tagallalardan ruhlanýan tutanýerli, zähmetkeş zenanlar ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde ähli ugurlarda sazlaşykly ösüşler gazanylyp, üstünliklere ýetilýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygynda hem birnäçe özgertmeler geçirilip, olar öz netijesini berýär.
Hormatly Prezidentimiziň oba-hojalygyna berýän hemaýat kömeginden ruhlanyp, zähmet çekýän welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary ýylyň-ýylyna oba-hojalyk önümlerini öndürmekde ýerden ýokary hasyl almaklygyň ussatlygyny görkezýärler. Türkmen saçagymyzyň bezegi we berekedi bolan gök, bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny kemala getirýärler. Ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmekde, bazarlarda önüm bolçulygyny, azyk garaşsyzlygyny gazanmakda özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar. Ýerden ýokary hasyl almaklyk Hormatly Prezidentimiziň oba-hojalygyna alyp beren kuwwatly tehniklary, oba-hojalyk gurallary, dökün, suw üpjünçiliginiň düýpgöter gowulanmagy, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrylmagy, ýokary hasyl berýän tohumlar bilen üpjün edilmegi, daýhanlaryň öndüren önümleriniň döwlet tarapyndan satyn alyş bahalarynyň yzygider ýokarlanmagy, şeýle-de öndürilen önüm üçin hasaplaşyklaryň gysga wagtda geçirilmegi netijesinde gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, welaýatymyzyň ykdysady ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin birnäçe işler alnyp barylýar.
Özleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp zähmet çekýän welaýatymyzyň zähmetkeş zenanlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlarynyň çägi ýok.
Pursatdan peýdalany, zeminimiziň görki bolan mährem zenanlarymyzy ýene bir gezek Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Zenanlarymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da belentde tutmak, halal zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, bu işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa