Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly ýaly, ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiz Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurtda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurtda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünlikleriň jeminiň jemlenýändigini belledi we bu kitabyň mähriban türkmen halkyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.
Hakykatdanam, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir kitabyny türkmen halkymyz gyzgyn garşylaýar. Jöwher paýhasdan döran her bir eser, her bir kitap uly sowgat bolýar, biziň ýan kitabymyza öwrülýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni Tuwakow Mirhan