Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Arşy nepisligi – türkmen halysy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher hem-de Halaç etrap komitetleri we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýat kitaphanasynda “Arşy nepisligi – türkmen halysy” atly brifing geçirildi. Haly baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen brifinge kümüş saçly enelerimiz, Agrar partiýanyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary, Lebap welaýatynyň Maliýe we ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary we mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Türkmen halysynyň waspyny belentden ýetirip buýsançly çykyşlar etdiler. Brifingde çykyş eden halyçylar ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösdürmekde, täze önümhanalary döretmekde, her ýyl türkmen halysynyň baýramçylygynda halyçylara hormatly atlary dakyp, şa sowgatlaryny gowşurýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Brifingiň dowamynda oňa gatnaşyjylar kitaphana işgärleriniň Türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlap döreden kitap sergisine syn etdiler. Kitap sergisinde kitaphana işgärleri, halyçylar, kümüş saçly enelerimiz kitap sahypalarynda bu gadymy senetçilik sungaty barada baý düşünje aldylar we Gahryman Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” we “Janly rowaýat” atly kitaplaryndan parçalar okap, ruhy lezzet aldylar. Kitap sergisini synlan halyçy zenanlar öz zähmet çekýän halyçylyk ugry boýunça şeýle gudrata eýlenen kitaplary öz halkyna peşgeş berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Milli Liderimiziň bu ugurdaky işlerini üstünlikli dowam edip, halyçylar üçin giň şertleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden öz buýsançlaryny beýan etdiler.