Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna döredip sowgat beren“ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA” Hormatly Prezidentimiz milletimiziň sünnäläp heňňamlardan aşyran bedew atlarynyň dünýäsine alyp gidýär. Hut şeýle täsirlere baýlygy üçindir Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň halk atçynasy” we Türkmenistanyň ussat halypa çapuksuary” Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby dünýä dilleriniň ençemesinde neşir edildi. Gahryman Arkadagymyz kitabyndaky “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny dördýäris. Ol bolsa ýeňşdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim” diýen senaly setirler rowaçlygyň indiki şöhratly menzillere çagyryş bolup ýaňlanýar “ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA ATLY” kitabynyň diňe bir atlaryň özüinde bir kitaplyk manyny jemlän “bedew atyň ýüwrük bolsun”,“Owwal bedew aty gerek” atly bölümler eseriň mazmunynyň baýdygny aýtmaga ýeterlikdir. Bir söz bilen aýdylanda bu kitapda şöhrat şanymyz, uçar ganatymyz bolan bedewlerimize belent buýsanjymyzyň beýany bar, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylda bellenilip geçilýän Ahalteke behişdi bedewlerimiziň baýramçylygy mynasybetli, at çapyşyk möwsümlerinde ýaryşa gatnaşýan ýyndam atlaryň we oňa tomaşa etmäge gelýan adamlaryň sany barha artýar. Çünki gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty milli Liderimiziň bimöçber tagallalary bilen ýene-de asyrlardan asyrlara aşyp, dowamat dowam boljakdygy hem-de onuň gadyr gymmatynyň hemişelikdigi örän guwançly hem buýsançlydyr. Gahryman Arkadagymyz – Biz geljekde hem bedewlerimizi birjikde ünüsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsan zähmeti bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr diýip belleýär. Türkmen halky öz durmuşuny bedew atsyz göz önüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir. Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynşy döwründe biziň buýsanjymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet Tugrasnyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmage we ony terbiýelemäge uly ünis berilýär. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Gözellik bäsleşigi” geçirilýär Onda ýeňiji bolan bedewlere gymmat bahaly sowgatlar gowşurulýar. 2010-njy ýylda “Halkara ahalteke atçylyk assosiaýasy” döredilip oňa Gahryman Arkadagymyzyň özüniň başlyklyk etmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumuzda her ýyl, Türkmen bedewi dünýäniň seýisçilik sungaty atly halkara maslahaty geçirilip durulýar. Bu geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumuzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladsynyň netijesidir. Her ýylyň aprel aýynyň şoňky ýekşenbesinde eziz Türkmenistan döwletimiziň ähli welaýatlary bilen bir hatarda biziň Daşoguz welaýatymyzda hem Türkmen Bedewiniň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Gazanylýan netijeler, ýetilýän belent sepgitler geljekde hem ösüşiň täze belentlikleriniň eýelenmegine oňaýly şertlei döredýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hemde Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Bedew baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup