Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi we orta kärhanalaryň işini döwrebap ýola goýmaga giň şertler döredilýär. Bu günki gün oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi we orta kärhanalarda un we unaş önümleriniň, et we şöhlat önümleriniň, süýt we gatyk önümleriniň, dürli hili miweleri, alkogolsyz içgileriň we ýene-de onlarda hilli önümleriň Türkmenistanda öndürildi diýen nyşan bilen ençemesi öndürilip, halkymyza elýeter bahadan ýetirilýär. Indi ak bazarlarymyzy, söwda nokatlarymyzy aýlanyp görenimizde gündelik azyklyk önümleriň özi hem ýokary hilli, datly, tagamly önümleriň öz ýurdumyzda öndürilýändiginiň aýdyň şaýady bolýarys.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylda ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň sanyny artdyrmak, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutjak ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri ata Watanymyzda öndürmek boýunça Maksatnama kabul etdi. Bu Maksatnamanyň durmuşa geçmegi ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda ýeňillikleri döredildi, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Kanunlar kabul edildi. Beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek üçin telekeçilerimiz döwlet banklaryndan ýeňillikli karzlar esasynda dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan süýt-gatyk önümlerini, çörek we çörek önümlerini, et we şöhlat önümlerini, dürli hilli miweleri we ýene-de birnäçe ugurlar boýunça bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa, tagamly önümleri öndürip, halkymyzyň elýeter bahadan ýetirip başladylar. Öz ýurdumyzda öndürilip başlan ýokary hilli, tagamly azyklyk önümleri halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyryp, ak bazarlarymyzda, söwda nokatlarynda il-günüň ýokary isleg bildirýän azyklyk önümlerine öwrüldi. Netijede Milli Liderimiziň badalga beren Maksatnamasy durmuşda öz beýanyny tapyp, gözel Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ululy-kiçili kärhanalar döredilip, täze bir pudak kemala geldi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň şertleri esasynda bu kärhanalaryň öndürijilik kuwwaty barha artýar we ýokary hilli harytlaryň görnüşleri gün-günden köpelýär we ak bazarlarymyzdan, söwda nokatlarymyzdan artykmajy daşary döwletlere eksport edilýär.
Ine şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenabat şäherinde hereket edýän et we şöhlat önümleri kärhanasydyr. Bu kärhanada 30-a golaý adam zähmet çekip, dünýäniň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan kärhanada günde bir tonnadan gowrak et gaýtadan işlenilip, her gün 700-800 kilogram, ondan gowrak görnüşli şöhlat önümleri halkymyza elýeter bahadan hödürlenýär. Bu ýerde öndürilýän “Awçy”, “Köýtendag”, “Altyn çeşme” ýaly onlarça görnüşli kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümleri Türkmenabat şäheriniň we welaýatymyza gelýän myhmanlaryň höwes bilen satyn alýan azyklyk önümlerine öwrüldi. Türkmenabat şäherinde hereket edýän et we şöhlat önümleri kärhanasynyň ýöriteleşdirilen kömekçi hojalygy hereket edip, şu günki günde iri şahly mallaryň 400-den gowragyna ideg edilmegi kärhanany çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmäge we gaýtadan işlenen şöhlat önümleriniň nyrhynyň elýeter bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Bu kärhananyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş bolanymyzda iri şaly mallaryň sanynyň azalmazlygy üçin olaryň üstüni ýaş mallar bilen ýetirip durýandyklaryny, mallardan alynýan süýtleri süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalara tabşyrýandyklaryny, gelejekde kärhanada süýt önümlerini gaýtadan işleýän sehi hem gurmagy göz öňlerinde tutýandyklaryny buýsanç bilen gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligimiziň dowamynda ýakynda bu kärhana un we unaş önümlerini öndürýän täze sehiň hem düýbüni tutp işe başlandyklarynygürrüň berdiler. Ata-babalarymyzyň eşiden deň bolmazgören göz bilen diýişleri ýaly biz hem täze işe başln sehde zähmet çekýän ildeşlerimiziň armasyny ýetirmek maksady bilen olaryň işlerini ýakyndan synladyk. Bu täze ýola goýlansehde 10-a golaý adam zähmet çekmek bilen bu ýerde etli, ýer almadan, kädiden, gökden beren önümleriniň, gutaplaryň onlarça görnüşini öndürişlerini ýakyndan synlap, olara täze ýola goýan döwletli işinde üstünlik arzuw etdik.
Türkmenabadyň şöhlat önümlerini öndürýän kärhananyň işleri bilen tanyşlygymyzyň dowamynda bu kärhananyň içinde hereket edýän söwda dükanyna ir säherden giç agşama çenli yzy üzülmän gelip duran alyjylary görüp, bu kärhanada işleriň ýokary derejede ýola goýulandygyna aýdyň göz ýetirdik we bu ýerde zähmet çekýän ildeşlerimize täze gadam basan “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze – täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdik. Bu kärhanada zähmet çekýän ildeşlerimiziň armasyny ýetirip günortan çaý başynda söhbetdeşlik gurnap, olara 2024-nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň batly gadamlary barada gürrüň berdik we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasyny geçirdik. Bu kärhanada geçirilen wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ugry boýunça bilim alýan talyplara sapak berýän mugallymlar, şu ugurdan bilim alýan talyp ýaşlaryň hem gatnaşmagy gaty täsirli boldy. Bu ýörite orta mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary Magtymguly Pyragy ýarada, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby barada buýsançly sözler aýdyp, şu kärhanada geçirilen wagyz-nesihat çäresine gatnaşmaklary we önümçiligiň işi bilen ýakyndan tanyşmagymyz biz üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Bir söz bilen aýdanymyzda biz bu ýerde durmuşa geçirilýän işleri synlap, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýolunyň datly miwelerini gördük diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow