Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyň döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ýurdumyz ösüşleriň belent sepgitlere barýar. Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýurdumyzy syýasy ykdysady, medeni durmuş taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilip häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi barha gowlanýar, ýurdumyzyň at-abraýy dünýä ýüzünde has belende galýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümlerini öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, önürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak eziz diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak býunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça önümçilige öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar we daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýar. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän gallanyň, pagtanyň gök önümleriň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, tohumçylyk-seçgi işleriniň talabalaýyk alynyp barylmagy, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrmagy esasyda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýer suw mümkinçilikleri, toprak howa şertleri, gök bakja önümleri bilen diňe bir öz ýurdumyzyň ilatyny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik döredýär. Şu talaplardan ugur alyp, ýurdumyzda öndürilýän gök bakja miwe önümlerini saklamak üçin döwrebap ammarlar gurulýar. Häzirki zaman derejesindäki ýyladyşhanalar ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzda elýeter bahada gök önümleriň bol bolmagyna şert döredýär.
Daşoguz welaýatynyň Şabat etraby hem gök bakja miwe önümleriniň öndürilşiniň artmagy mynasybetli goşandyny goşýan etraplaryň biridir. Şabat etraby oba hojalyk önümlerini öndürmek, täze tehnologiýany oba hojalyk tejribesini durmuşa ornaşdyrmakda özüniň nusgalyk derejesi bilen ýurdumyzyň meşhurdyr. Etrabymyzyň kärendeçileri şu ýyl 1995 gektar meýdanda ýeralma, 10 gektar meýdanda hyýar, 90 gektar meýdanda pomidor, 50 gektar meýdanda kelem, 10 gektar meýdanda käşir ýaly we 240 gektar meýdanda bolsa gawun-garpyz kädi ýaly bakja ekinlerini ösdürip ýetirşdiregi meýilleşdirýärler.
Etrap partiýamyzyň ilkinji guramsynyň düzüminiň agramly bölegini daýhan birleşikleriň kärendeçi, daýhanlary düzýär. Daýhançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak oba hojalyk ylmynyň iň soňky gazananlaryny durmuş ornaşdyrmak barada agzalarymyzyň iş-durmuş şertleri dogrusynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirip durýarys.
Munuň şeýledigini saçaklarymyz mele myssyk nandan, ak bazarlarymyz ýylyň islendik döwründe ter we gök önümlerden doly bolup azyk bolçylygynyň döredilýändiginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Öz halkyna işlemäge halal zähmet çekip mähriban Diýarymyzy ähli taraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikler döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan döwletli işleri elmydama rowaç alsyn.
TürkmenistanyňAgrar partiýasynyň Şabat trap komitetiniň başlygy Akmyrat Garajaýew.