Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip ýurdymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Mukaddess Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýnuň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisi ýurdymyzyň taryhynda aýratyn bir şanly wakalaryň biri boldy. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen maslahata il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiz, talyp ýaşlar gatnaşdy. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýilşi ýaly ýurdymyzyň, jemgyýetimiziň durmuşyna degişli ähli meseleler il sylagly ýaşulylar, halk köpçiligi bilen ara alnyp maslahatlaşyp kabul edilýär. Bu taryhy maslahata gatnaşmak bagtynyň maňada nesip etmegi, maslahatda kabul edilen çözgütleriň gözli şaýady bolmak meni diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Maslahatyň dowamynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çuň manyly çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdymyzda alnyp barylan işler şeýle hem öňde duran möhüm wezipeler barada aýdanlary halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen. Şeýle hem maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza “Türkmenistanyň Gahrymany” diýlen iň ýokary derejeli adyň dakylmagy bu taryhy maslahatyň aýratyn bellemeli wakalarynyň biri boldy. Ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” diýip, il halky bilen agzibirlikde, jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirdi. Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip mennetdarlyk sözi bilen çykyş edip, bu ýokary derejeli sylagyň halkymyzyň bähbitleri üçin mundan-da beýläk yhlas bilen, gujur gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady. Şeýle hem maslahatyň dowamynda zähmetde, işde, durmuşda aýratyn tapawutlanan ildeşlerimize “Türkmenistany hormatly il ýaşulysy” diýlen ady dakmak, “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak we Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda permanlara gol çekmegi, tutuş halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. “Çekseň zähmet ýagar rehnet” diýilşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda çeken päk zähmete döwlet tarapyndan uly baha berilmegi, her bir raýaty öňkidende gaýratly zähmet çekmäge, işe bolan höwesini artdyrmaga uly badalga berýär. Biz hem syýasy partiýanyň işgärleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, onda kabul edilen çözgütleri halk köpçiligine ýetirmek boýunça wagyz-nesihat ýygnaklaryny yzgider geçirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris” diýip örän jaýdar belläýär. Agzybirlikde çekilen zähmet elmydama özüniň guwandyryjy netijesini hem berýär. Tutyş halkymyz bilen bilelikde el-ele berip Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmäge goşan goşmak biziň her birimiziň jana-jan borjymyz. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan” diýen ganatly sözleri bize güýç kuwwat berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem mukaddess Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy mähirli gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde ýurdymyzy ösüşleriň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan, ýurdymyzyň dünýä ýüzindäki at-abraýy barha arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir rowaç işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni