Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Saýat etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda Saýat etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginde bugdaýçy, pagtaçy, pileçi babadaýhanlarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiziň “Agrar” syýasatyny wagyz etmek maksatly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde babadaýhanlarymyza Agrar partiýanyň işjeň agzalary 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinde badalga beren täze özgertmeleri, gol çeken taryhy kararlary barada hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 21-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde seredilen meseleler barada gürrüň berdiler we Hormatly Prezidentimiziň “Agrar” syýasatyny wagyz etdiler. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden Agrar partiýanyň işjeň agzalary, kärendeçiler 2024-nji ýylyň hasyly boýunça gallanyň, pagtany döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyryp berendigi üçin, şeýle döwletli karara gol çekendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler we daýhanlara ýildirilýän beýik ynamy ödäp, döwlet borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksatly, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynandyrdylar.
Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Mejlisinde oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş – durmuş derejesini has özgertmek, olar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, hal – ýagdaýlaryndan habarly bolup durmaklaryny ündäp, degişli guramalara beren tabşyryklary üçin örän göwünleri hoş bolandyklaryny beýan etdiler we gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlar aýtdylar.
Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Saýat etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginde ak ekinlere ideg edip ýören bugdaýçy kärendeçileriň, ýerleri gowaça ekişine taýýarlanyp ýören bagbanlaryň, pile möwsümine taýýarlyk görüp ýören pileçileriň arasyna baryp armasyny ýetirdiler we olara zähmet ýeňişlerini arzuw etdiler. Biz döredilen toparymyz bilen Saýat etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginde zähmet çekip ýören ruhybelent kärendeçileriniň ýerlerde durmuşa geçirýän işlerini ýakyndan synlap, olaryň Hasyl toýumyza zähmet ýeňişleri bilen geljekdiklerine aýdyň göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümüniň müdiri Bagtyýar Derkarow