Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir täze ýyly biri-birinden zyýada gelýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji günlerinde oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi daýhanlarymyz şol sanda ähli oba hojalykçylar üçin şatlykly wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewral güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi we öňde durýan wezipeler kesgitlendi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekdi. 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinleri ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda, 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda, babadaýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyrmak, olary ykdysady taýdan goldamak, işe bolan höwesini artdyrmak bilen bagly birnäçe Kararlar kabul edildi. Şonda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky kabul eden karary daýhanlaryň şol sanda ähli oba hojalykçylary diýseň begendirdi. Mejlisiň dowamynda Oba hojalyk Ministrliginden bölnip aýrylmagy arkaly "Türkmengallaönümler" döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçylyk senagaty döwlet birleşigini, "Türkmenpagta" döwlet konsernini hem-de "Türkmenobahyzmat" döwlet birleşigini döretmek barada degişli kararlaryň kabul edilmegi ýurdymyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläkde kämilleşdirmekde, depginli ösdürmekde möhüm ädim bolar. Türkmenistanyň Oba hojalyk Ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ilatymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge, ýurdymyzda azyk bolçulygyny döretmäge, gaýtadan işleýän senagaty ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjün etmekde uly mümkinçilik berer.
Şeýle hem şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şonda ilkinji nobatda, ýurdyň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň artdyrmak amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilendir.Maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda bolsa senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowylandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek esasy maksatlaryň hatarynda bellendi.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň işgärleri welaýatdaky beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek, önüm öndürijileri ähli taraplaýyn goldamak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak bilen bagly kabul eden kararlaryny düşündirmek maksady bilen oba ilatynyň, kärendeçileriň arasynda giň göwrümli wagyz-nesihat işlerini geçireris.
Şunuň ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli lideri gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Serdar Suwhanow