Ýazky ekiş möwsümine bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň ählisinde taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Daşoguz tokaý hojalygy kärhanalarynyň üç sanysy bolup, olaryň ählisi welaýaty bagy- bossanlyga öwürmekde giň möçberli işleri alyp barýarlar.
Daşoguz tokaý hojalygy kärhanasy tokaý zolaklarynyň, 26 gektaryna, miweli baglaryň 30 müň gektaryna hyzmat etmek bilen bir hatarda ýaprakly, pürli, çöl, bezeg we miweli agaçlaryň nahallaryň ýetişdirmekde köp işleri amala aşyrýarlar.
Agaç nahallaryny oturtmagyň şu ýylky ýazky möwsümi üçin kärhananyň bagbanlary irgözinden aladalanýar. Bagbanlar edara-kärhanalaryň, höwesjeň baş bagbanlaryň agaç nahallaryna bolan islegini kanagatlandyrmak üçin agaç nahallarynyň köp görnüşini taýýarlaýarlar. Kärhanada şu ýylyň ýazky möwsümi üçin agaç nahallarynyň ep-esli mukdary ýetişdirildi. Has takyk aýdylanda, kärhanada ýaprakly agaçlaryň 150 müň düýbi, pürli agaçlaryň 80 müň düýbi, miweli agaçlaryň 30 müň düýbi, bezeg agaçlaryň 15 müň düýbi taýýarlanyldy.
Kärhananyň işgärleri Garagum sährasynda çöl agaçlaryň köpeltmek işine hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Agaç nahallarynyň oturtmagyň ýazky möwsümi üçin bu ýerde çöl agaç nahalarynyň 250 müň düýbi ýetişdirildi. Kärhanada dürli agaç nahallaryny ýetişdirmekde baý iş tejribe toplan bagbanlaryň ençemesi zähmet çekýär. Guwanç Saparow, Kemal Mämedow, Şanazar Begjanow, Tawus Saryýewa ýaly bagbanlar nahal ýetişdirmek ýaly sogaply işde kämillige ýeten bagbanlar höküminde tanalýarlar .
Kärhananyň bagbanlary ýetişdirilen nahallary möwsüme taýýarlamagy, nahal ekiljek ýerleri ekiş möwsüme taýýarlamak bilen utgaşykly alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa