Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň nahalhanasynda agaç nahallaryny we bägülleri ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenabat şäheriniň orta okuw mekdepleriniň, ýörite hünär okuw mekdepleriniň okuwçy, talyp ýaşlary şeýlede Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleri agza bolup durýan tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Olar jemgyýetiň nahalhanasynda aýlanyp görüp, ýetişdirilýän nahallaryň, bägülleriň ýetişdirilşi bilen ýakyndan tanyşdylar şeýlede bag we gül ekmegiň agrotehnikasy barada tejribe alyşdylar.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda bag ekişlik çäreleriniň guramaçylykly geçirilmeginde jemgyýetiň bagbanlarynyň goşýan goşantlary aýdyň duýulýar. Nahalhanamyzda ýurdumyzyň toprak, howa şertlerine uýgullaşan agaç nahallaryň hoş boý ysly gülleriň dürli görnüşleriniň müňlerçe şitilleri şeýlede hoş boý ysly gülleriň dürli görnüşleriniň müňlerçe düýpleri ýetişdirilip, ýazky bag ekişlik çäresiniň öňi syrasynda agza bolup durýan edara guramalara, kärhanalara, mekdeplere, çagalar baglaryna we saglyk öýlerine paýlanyp beriler.
Bu bolsa biziň Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ýerine ýetirip, yglan edilen “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň hasda dabaralanmagyna özlerimiziň mynasyp sowgadymyz bolar.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriniň, mekdep mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleriniň ýetişdirilýän baglaryň ynsan saglygyna edýän täsiri dogursunda eden çykyşlary hasda täsirli boldy.
Biz geljekd hem işlerimiziň depginini gowşatman Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden milli “Tokaý” döwlwt maksatnamasynyň üstünlikli amal edilmegine, Eziz Diýarymyzyň jenneti mekana öwrülmegine goşýan saldamly goşantlarymyz bolar.
TürkmenistanyňTebigatyGoramak
jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň
başlygy we TAP-nyň agzasy Maksat Hajyýew