Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda arzyly maksatlaryň hasyl bolýan, uly sepgitlere ýetilýän ajaýyp zamanada – Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrunde bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy ýörelge edinen halkymyzyň yhlasly, döredijilikli zähmeti bilen Türkmenistan döwletimiz dünýä giňişliginde giňden tanalýar.
Döwletimizde ählumumy durnukly ösüşiň möhüm serişdesi hökmünde daşky gurşawy goramak onuň biologik köpdürliligini aýawly saklamak, tebigy serişdeleri netijeli ulanmak we ekologiýa abadançylygyny yzygider üpjün etmek döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleriniň biridir.
Daşoguz welaýatymyzyň Akdepe etrabynyň Täze durmuş daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Dädebaý Öwezgeldiýew, Hudaýberdi Narlyýew dagylaryň bagyny synlan adamlar “tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!”- diýip geçýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen idedilip, ýetişdirilen baglary görenleriň gözüni dokundyrýar.
Dädebaý Öwezgeldiýew 12 ga bag ýer bar, indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň berketli hasylyny ýetişdirýär. Bu ýerde erigiň , almanyň, armydyň, garalynyň her ýyl bol hasyl getirýär.
Başgada bu daýhan birleşikde ussat bagbanlardan Ylýas Nazarow 5 ga , Potçykow Gurban 1 ga, Agamyrat Kakaýew 3ga bagbanlary görkezmek bolar.
Dädebaý Öwezgeldiýew üçin Howanyň gowy gelmegi netijesinde biziň ak bazarlarymyza ýetişdiren öz önümlerini halkymyza ýetirmekde özleriniň gijesini gündiz edip zähmet çekýärler ýetirýärler.
Bag Öwezgeldiýewleriň we Narlyýewleriň maşgalasy üçin juda mukaddes. Maşgalanyň agzyny aşa ýetiren baga olaryň yhlasy juda uly. Şeýle bolansoň, yhlas bilen idedilýän bag olara girdeýjem, at-abraýam eçilýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jumabaýew Maksatgeldi