Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bagt Kanuny.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe ata Watanamyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Ine şeýle buýsançly milli baýramçylyklarymyzyň biri-de bitewi we jebis türkmen jemgyýetimiziň galkynyşlara beslenen döredijilik ruhyny dünýä ýaýýan umumymilli toýumyz Konstitusiýa güni we Baýdak baýramydyr.

Hormatly Prezidentimiziň buýsançly belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyz Konstitusiýamyza - Bagt Kanunymyz diýip ýöne ýerden atlandyrmadylar. Biziň ýurdumyzda kabul edilen we kabul edilýän Kanunlaryň ählisi halkyň  ýaşaýyş durmuşyny ösdürmäge, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny Kanun taýdan sazlamaga, goramaga, gulluk edip halkymyza bagtdan paý paýlaýar. Muňa Konstitusiýamyzda iň uly baýlygyň adamdygyny ykrar etmegide aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny düzýän, halkymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi döwlet gurmaga bolan islegini Kanun taýdan berkiden Konstitusiýamyzyň kabul edilenine şu ýylda 34 ýyly dolýar. Bu baýramçylygy ýurdumyzyň içinde-de, halkara derejesinde-de baýram edilip Konstitusiýamyzyň, döwlet Baýdagymyzyň abraý-mertebesiniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda dünýä ýaň saldyrýan dabaraly maslahatlaryň, aýdym-saza beslenen dabaraly çäreleriň, halkara, parlamentara maslahatlaryň geçirilmegi biz türkmen halky üçin juda ýakymlydyr, buýsançlydyr.

Mundan 34 ýyl ozal 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, ýaş Garaşsyz döwletimiziň we türkmen halkynyň ykbalynda aýgytly edilen ädim hökmünde taryhyň gatyna altyn harplar bilen girdi.

Gahryman Arkadagymyzyň bize wesýet edişi ýaly wagt bir ýerde durmaýar. Wagt geçýär, durmuş özgerýär, şoňa görä-de biziň isleg-arzuwlarymyz ösýär. Görüşimiz ýaly wagta görä hereket edip Kanunlarymyzy hem öz isleglerimize görä kämilleşdirmek, doganlyk döwletleri bilen gatnaşyklarymyzyň barha ösýän döwründe kabul edýän Kanunlarymyzy halkara kadalaryna laýyklykda, ösen we ösýän isleglerimiziň döwri talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlarda durmuşa geçiren işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem öz çykyşlarynda Kanunlarymyzy wagta görä, döwre görä, halkyň ösen islegine we halkara kadalaryna görä kämilleşdireris diýip, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üns merkezinde saklaýar. Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäherinde gurulan Konstitusiýa binasynda, baýdak meýdançamyzda ýurt derejesinde bu goşa toýa badalga berilmegi we welaýatlarda-da bu milli baýramçylygymyz uly ruhybelentlikde bellenilip geçilmegi halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden nyşandyr. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurulan Konstitusiýa binalarynda, Baýdak meýdançalarynda sanjan ýaly al-asmanda belentden pasyrdap duran döwlet Baýdagymyzyň we Konstitusiýamyzyň goşa toýunyň belentden tutulmagy ata Watanymyzyň arzuwlaryň amala aşýan mekany hökmünde giňden ýedi yklyma äşgär edýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň

esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa