Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bagy bossan-gözel diýar.

Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek meselesi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigy gözelliklere baý ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriniň biridir. Golaýda Milli Liderimiziň ekologiýa syýasatyny goldamakda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde “Bagy bossan-gözel diýar” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirilde.

Söhbetdeşlikde  ýurt Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň, sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, biodürlüligi baýlaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan saýaly we pürli bezeg agaçlarynyň, gülleriň täze görnüşleriniň tohumlarydyr nahallaryny getirip oturtmak, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak işlerine hem giň gerim berilýändigi dogrusynda gürrüňler edildi.

 Türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine oňyn şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň ähli ýerinde kemala getirilýän ýaşyl zolaklar ekologiýa howpsuzlygynyň, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bag-dünýäniň bezegi. Şonuň üçin häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar.  

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülletmek, ony bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly şahsy göreldesine eýerip, ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna we röwşen geljeginiň hatyrasyna dowamly üstünliklere saldamly goşant goşmak, tebigatymyzyň baýlyklaryny aýap saklamak üçin birnäçe işler alyp barjakdyklary barasynda hem söhbet etdiler. Söhbetdeşiligiň ahyrynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin giň gerimli işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa