Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly Baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwründe ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze rowaçlyklara, möhüm ähmiýte beslenýär.Şu babatda milli ykdysadyýetmiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda oba-hojalyk toplumynda hem uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar.Daglaryň käbir ýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär.
Pasyllar çalyşdy.Gyş pasly öz ornuny bahar paslyna berdi.Ýaz pasly köp adamlar üçin täze umytlaryň, özgerişlikleriň döwri.Gyşyň gutormagy bilen tebigat janlanyp,durmuş ajaýyp görünýär.
Pasyllaryň soltany bahar pasly belent ruh hem tolkun atyp duran ylham bilen gadam basýar. Mylaýym howasy, gülleriň heniz şineden ýaňy pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, gülleriň mylaýym ysy her bir jana tenekar.
Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi diýen özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.Şol aýratynlyklar bolsa öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň häzirki bagtyýar döwrümize çenli gelip ýetipdir.Şonuň ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän,halklary biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän Milli bahar baýramy –Halkara Nowruz güni hem şolaryň naýbaşylarynyň biridir.
Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýan uzak möhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.Ata-Watanymyzda daragtlaryň we gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürüp ýetişdirmek,köpeltmek hem-de ýaýratmak barada uly aladalar edilýär.Baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýaýbaňlandyrylmagy tebigatyň täzelenişine mahsus bolan ýagdaýydyr.
Magtymguly Atamyzyň hem “Tartsa ýygyn erär topraklar daşlar, Bir suprada taýar kylynsa aşlar.” diýip şeýle ajaýyp jümlede belleýşi ýaly toprakdan bol alyp bilseň aşyň taýýarlanýandygyny zähmet çekseň berekediň boljakdygyny nygtap geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”ýylynda gadamlarymyz batly,ösüşlerimiz şanly, buýsançly bolsun! Baýramlaryňyz gutly mübärek bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa Läle